Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

  • 11.05.2024 17:39
  • 2k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

TUTANÝERLILIK ÜÇIN SYLAG
Dünýäde tutanýerlilik bilen hiç zat deňleşip bilmez. Zehin onuň ornuny tutup bilmez. Zehinli, ýöne üstünlik gazanyp bilmedik adam —  bu adaty zat. Hatda uçursyz zehin hem sabyr-takadyň ornuny tutup bilmez. Tanalmaýan zehinler hakda eýýäm nakyl bary aýdylýar. Bilim hem onuň ornuny tutup bilmez. Dünýä bilimli şowsuzlardan doly. Üstünlige diňe tutanýerlilik hem maksada okgunlulyk bilen ýetip bolýar.
Men muňa pugta ynanýaryn. Bu sözleriň kime degişlidigini bilemok, ýöne bulary aýdanyň elini höwes bilen gysardym. Bu, iş otagymda äňeden ýeriňde gözüňe ilýän dana sözlerden biri. Kimdir biri üçin bu sözler sada ýaly görnüp biler we gulagymyzy kamata getiren «Gaýtalamak — bilimleriň enesidir» diýen köne mekdep hakykatyny ýada salar.
Muňa garamazdan şygar täsirli bolsa, men ony hökman ulanýaryn. Eger ol siz-de kömek eder öýdýän bolsaňyz, ony iş otagyňyzda, dükanyňyzda, hammamyňyzda, aşhanaňyzda ýa-da geýim otagyňyzda, mahlasy gaýta-gaýta gözüňiz düşüp duran ýerinde asyp goýuň. Ony ulanyň, ony peýdalanyň. Üstünlige alyp barýan zatlaryň ählisini ulanyň. Soňky bap hut tutanýerlilige  bagyşlanandyr.
Meniň iň gowy görýän beýsbol toparym bar, oňa «Detroýtyň gaplaňlary» diýilýär. Ana, şol toparda oýnan ölmez-ýitmez oýunçy Taý Kob 1912-1915-nji ýyllarda dört ýyl Amerikanyň çempiony boldy. Dogry, şol döwürler sport klublary we ligalary düýbünden başgaçady. Türgenleşikler hem başgaça gurnalýardy. Öz döwründe Detroýtyň talyplar gazetleriniň bir žurnalisti Kobadan nädip şeýle uly üstünliklere ýetip bilendigini soranlarynda, ol munuň üçin diňe öz erjelligine minnetdardygyny aýdypdyr. Onuň gollary gaty güýçlidi, ýöne myşsalaryň boýun bolman, geregiňi etmese, onda olar zadyň alnyndan däl ahyry.
Oýundan boş wagty Taý meýdança çykyp, iň beýik agajy saýlaýardy-da, giň tribuna kybap aralygy ölçeýärdi. Soň topy ýokaryk oklap, ony taýagy bilen agaçdan üstaşyr urýardy. Yzly-yzyna. Näçe köp türgenleşdigiçe, şonça-da top agajyň üstünden ýygy-ýygydan uçup geçýärdi. Taýyň sözlerine görä, her bir adam topy uranda degip we dogry ugra gönükdirip biler, ýöne muny etmäge size diňe tutanýerlilik we sabyr-takat kömek edip biler. Bu zatlary çempion bizden gowy bilýändir.
Bir gezek görnükli golfçy Bobbi Jons barada gazetde çap edilen makalany okadym. Ol hem takmynan Taý Kobyň  aýdan zatlaryny aýdýar. Ýöne şoňa meňzeş mysallary diňe bir sportda gözläp tapmaly däl. Hut tutanýerlilik Enni Salliwen Meýsa, kör hem ker gyz Helen Kellere hiç zady görmeýän we eşitmeýän dünýäsinde ýaşamagy öwretmäge kömek etdi. Tutanýerlilik Ketteringiň awtoulag startýoruny oýlap tapmagyna sebäp boldy. Tutanýerlilik Tomas Edisona elektrik lampasyny döredýänçä çyzgy tagtasyndan gitmäge mümkinçilik bermedi. Ol gyzdyryş simi üçin ýaramlysyny tapýança, köp sanly materiallary yzygiderli synap gördi. Eger onuň düşünjesinde «boýun egmek» diýen sözler bolan bolsa, onda eliňizdäki kitaby nebit çyrasynyň yşygynda okardyňyz.
Tutanýerlilik, iň zehinli kino aktrisalaryň biri Beta Dewise özüne mynasyp rollara eýe bolmak üçin prodýuserler bilen «söweşmegi» dowam etdirmäge güýç berdi. Bu göreşde artist zenan diňe bir özi üçin däl, eýsem kölegelerinden gorkýan režissýorlaryň we prodýuserleriň ikinji derejeli rollarda saklap ýören beýleki artistleri üçinem göreşdi.
Eýsem, tutanýerlilik hemişe sylaglanýarmy? Elbetde ýok. Biz real, ýagny, hakykata laýyk dünýäde ýaşaýarys. Bir gezek Minneapolisda oturylyşykda ýerlileriň biri bilen gürrüňdeş boldum, şonda ol ştatyň häkimi Garold Stessen barada gürrüň açdy.
— Eger tutanýerlilik barada gürrüň etsek, onda Stesseni onuň nusgasy diýip atlandyryp bolar. Garold haçandan bäri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti bolmaga synanyşýar, ýöne bu oňa başartmady, hiç haçan başartmazam — diýip ol aýdýar.
— Mümkin, siz mamlasyňyz, ýöne serediň-ä, ol bu pişesinden ol nähili lezzet alýar — diýip, men jogap berýärin.
Tutanýerliligiň baýragy gaty uly bolup biler. Elbetde, biz esasy maksady ýatdan çykarmaly däldiris. Tutanýerlilik diňe bir maksada ýetmek üçin ähmiýetli däldir. Onuň esasy ähmiýeti, seniň bir zatlar etjek bolmagyňdadyr. Köne atalar sözüni ýatlalyň: «Söýülmeseňem, söýeniň ýagşydyr». Örän dogry aýdylan söz!
Haçan-da sizi tutanýerliligiň höziri gurşasa, onda kanagatlanma duýgusyny başdan geçiresiňiz. Dogry, tutanýerlilik ele ýeňillik bilen gelýär diýip hiç kim aýdyp bilmez. Näçe köp tutanýerli boldugyňyzça, şonçada-da aýaklaryňyz ürgün çägä çümýän ýaly bolýar. «Özüňi satmak» — özüňi aldyrmak sungaty, päsgelçilikleri ýeňip geçmek sungatydyr. Bu sungata eýe bolmak bolsa, golf ussatlarynyň sözlerine salgylansaň,  Nýu-Jerside ýerleşýän «Pain welli» golf meýdançasyny aşyp geçenden has kyndyr. Bu meýdançanyň duzak-çukurjyklarynyň biri «dowzahyň ýarym gektar meýdançasy» diýlip atlandyrylýar.
Maksadyňyza barýan ýolda şoňa meňzeş päsgelçilikler köp bolar. Ýöne ähli duzak-çukurjyklary olardan çykmak üçin ýasalandyr. Munuň üçin käwagt urgy-taýagyňyzy köp galgatmaly bolarsyňyz, ýöne çykalga elmydama tapylar. Üstünlige barýan ýoluňyzda garaşylmadyk ýagdaýda ýüze çykýan köp kynçylyklara duçar bolarsyňyz. Seni saklamaga synanyşjak adamlar hem tapylar. Bu häsiýet adama mahsusdyr. Özüňizi berhiz saklap, birki kilogram horlanyňyzda, kimdir biri bilýänden bolup: «Gaty egbarsyz görünýäňle, how. Saňa horlanmak hökmanmy?» diýen bolsa gerek.
Eger söwdagär bolsaňyz, onda şoňa meňzeş zadyň sizde köp gezek bolandygyny jedele-de goýup biljek: baý müşderä til kakmakçy ýa-da ýarym sagat işde galmakçy bolsaňyz, kärdeşleriň biri öňüňizde peýda bolar-da, «beýdip, boş oturanyňdan» dostlaryňyz bilen kafede bir bulgur piwo ýa-da meý içmäge gitmegi ündemek üçin elinden gelenini edip başlar. Görnüşine görä, ýakyny bir işe erjellik bile ýapyşsa, ony ýolundan urdurmak adama öňden mahsus bolmaly. Şeýlelikde, men tutanýerli bolmaga çagyrmak bilen, ýolugra size ýaramaz ýagdaýlaryň, lapykeçlikleriň we köp dürli päsgelçilikleriň garaşýandygyny hem duýdurýaryn. Bu adaty bolaýmaly zatlardyr.
Şeýle-de bolsa, men sim bary çekilen diwarlardan we daş ýaly berk diwarlardan ýüz-gözüňi gögertmän we bedeniňe şikes salman geçmegiň ýolunyň bardygyna ynamym bar. Agyr ýitgilere sezewar bolman, maksada ýetse bolar.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

05.05.2024 23:05
1.9k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (61-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...