Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- Giriş — 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
Bu ýaýbaň meýdanyň elýeter bahadan bolmagynyň bir sebäbi ol heniz gurluşyk-binagärlik işleri üçin özleşdirilmedik ýerlerdi. Ol ýerde ýaşaýyş üçin amatly şertleriň hiç birisi-de ýok diýen ýalydy. Iň esasy zadam, o taýda heniz zeý suw-lagym akabalary asla işe girizilmändi. Detroýtyň töwereginde ýaşaýanlar bolsa özbaşdak kanalizasiýa ulgamy bolan ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga gyzyklanma bildirmeýärdiler. Şu jähetden menem birbada bu ýeri öz adyma geçirmäge — satyn almaga döwtalap topulmadym, emma satarman söwda wekili gürrüňiniň arasynda: «Lagym akabalarymy? Ony alada edinme! Maunt-Klemens häkimliginde bolanymda öňümizdäki günlerde howa maýlap başladygy lagym akabalarynyň, kanalizasiýalaryň gurluşygyna girişiljekdigini ýaňzytdy. Ýöne bu habary başga biriniň ýanynda aýdaýmaň, sebäbi şäher häkimligi şol ýerleriň has gala satyljagyndan endişe edýär» diýip pyşyrdady. Bagtym çüwdi! Maňa geregi hem şoldy, ýitigimi tapan ýaly begendim. Şeýdibem, onuň teklip eden ýerlerini has uly göterimi bilen gymmat bahadan satyn aldym. Ýöne bu adaty zat diýip düşünýärdim, şol ýerde görnükli jaýlaryň birini gurup, satuwa çykardygym, maňa pul derýasy akjak durjakdy. Bu meniň başaryp biljek zadymdy.
Haýal etmän işe girişdim we kaşaň bir jaýy gurup dyndym. Soňra owadan sözler we bildirişler bilen uly mahabatlary ýerleşdirip, netijesine — täze müşderileriň peýda bolaryna garaşyp başladym. Harajatlaryň az çykmagy üçin söwda işlerini özüm alyp barýardym. Her hepdäniň dynç alyş günleri şol guran görnükli jaýyma baryp, gelýän-gidýänlere, alarmanlara täze jaýymy görkezerdim. Sebäbi olaryň aýlanmaga, görmäge, söwdalaşmaga amatly wagtlary şol günlerdi. Guran jaýymyň taslamasyna, otaglarynyň ýerleşdirilişine hemmeleriň göwünleri ýetýärdi. Bahasy oňşarlykdy, isleg bildirýänler, gyzyklanýanlar az däldi.
Emma olaryň hemmesi şol bir sowal bilen ýüzlenýärdiler: «Bu ýeriniň kanalizasiýa ulgamy nähili? Hapa suw akdyrýan akabalar ýeterlik gurnalanmy?» diýip soraýardylar. «Kanalizasiýa tarapy, aňry gitse, birnäçe aýyň dowamynda gurlup başlanýar. Häkimlikde işleýän tanyşlarymyň aýtmagyna görä, bu hakda düýpli alada edilýär, ol mesele basym çözülýär» diýýärdim. Müşderiler bolsa: «Hany, ilki lagym meselesi çözülsin. Biz şondan soň ýene gaýdyp geleris» diýýärdiler. Nädeýin, garaşmakdan başga edip biljek zadym ýokdy. Üstesine, ýer hem-de gurluşyk materiallary üçin karz alan bergilerimi hem üzmelidim. Gurluşyk işlerinde gysga möhletli karzlar bilen iş salyşmaly bolýar. Gurlan zatlaryňyzy satyp başlanyňyzdan soň puluňyzy yzyna alýarsyňyz. Emma men hiç zat satmadym we gysga möhletli karz kem-kemden uzak möhletli karza öwrüldi. Karz berijiler meni ähli tarapdan gabadylar we berginiň tölenmegini talap edýän hatlar bilen üstümi gömdüler. Şeýdibem, takmynan 60 000 (altymş müň) dollar bergä batdym.
Işimi bökdeýän esasy sebäpleriň biri, şol näletsiňen lagym akabalarynyň wagty bilen gurulmandygydy. Gysga wagtda munuň bir alajy tapylmasa, ýagdaýlarym has bulaşjaga meňzeýärdi. Ýüregimi bire baglap, şäher häkimliginiň binasyna bardym. Lagym akabalarynyň haçan gurlup başlanýandygy bilen gyzyklandym. Olaryň ählisi däli-diwana birine seredýän ýaly ýüzüme çiňerilip bakdylar-da: «O nähili lagym akabalary? Siz näme hakda soraýaňyz?» diýip, beter geňirgendiler. Şol pursatda şäher häkimliginiň şol ýerlerde lagym akabalaryny çekmek hakda hiç hili meýilnamasynyň ýokdugyny öwrendim. Hatda häzirki günlere çenlem şol ýerlerde lagym-suw akabalarynyň hiç biri gurulmady. Ömrümde hiç haçan özümi beýle nalajedeýin duýmadym — şeýle möhüm meselede soramazdan, idemezden, ýerinde barlap görmezden gozgalmaýan emläkleriň söwda-satuw wekiliniň sözüne güp ynanmagym, meni nä günlere saldy. Onlarça ýyllaryň dowamynda alyn derimi döküp gazanan zatlarym, çemçeläp ýygnanlarym, bir pursatda çanaklap döküldi gitdi.
Üstesine, öýe hem diňe giçlik baryp bilýärdim. Ulagymy birnäçe jaý bärde goýardym. Dar köçelerdir seýilgähleriň arasy bilen haýatyň üstünden öýe aşmaly bolýardym. Wagtynda ödelmedik töleglerim üçin bank hem awtoulagyma gözüni dikipdi.
ÖŇE YMTYLMAKDAN BAŞGA ÝOL ÝOK
Şeýle gijeleriň birinde aýalym Jun öýe huruşlykdyr gök önüm satyn almak üçin menden pul sorady. Şol wagtam jübimde it uwlaýardy. Gapjygymda kör köpük ýokdy. «Özümiz oňňut ederis, ýöne çagalara näme iýdireris?» diýip, Jun naýynjar bakdy. Bu sowal inimi jümşüldetdi: «Çagalara näme iýdireris?». Sanlyja wagt mundan ozalam özüni dolandyryp oturan bir gurluşyk firmasynyň hojaýynydym, bir kezzabyň sözüne ynanybam bir pursatda ähli mal-mülkümden el ýuwmaly boldum. Nirä barsam, algydarlarym üstüme atalap dur. Boýnumda bank bilen üzlüşmeli bergilerim, indem öýüme hem-de awtoulagyma gözüni dikene meňzeýär. Diňe şu gaýgylaram külpeti ýetik aladady, ine, indi öýde çagalara iýdirere-de zat galmandyr. Uzak gijäni näme edip boljakdygy we nämeleri edip biljekdigim hakda çuňňur oýlanmalara sarp edip geçirdim. Mahal-mahalam köne duýgularym ýadymy gorjalady durdy. Kakamyň hemişe aýdyşy ýaly, men biderek we juda peýdasyz adam ýalydym.
Durmuşymy düzeltmäge hernäçe synanyşsam-da, ýene hemme zat öňki bişow ýagdaýyna gaýdyp gelýärdi. Aýalymyň beren sowalyny hiç unudyp bilmeýärdim. Özüme dözmän oturmagyň wagty däldigine düşündim. Özüme dözmelidim. Özümden talap etmelidim. Bir alajyny tapmalydym. Beýlekileriň öňünde, ilkinji nobatda, aýalymyň we çagalarymyň öňünde bitirmeli borçlarym bardy, üstesine potratçylara we üpjün edijilere ak ýürekden işlän halal zähmetleri üçin tölemeli töleglerim hem ödelmän ýatyrdy.
Şol wagt bu bergilerim, bankrota düşenligim ýa-da maşynymy elimden giderjekligim... — bular meni asla ünjä salmaýardy. Meni diňe ýekeje zat — maşgalamy, çagalarymy nädip ekläp bilerin? — diýen alada günüme goýanokdy. Tiz wagtda ähli ünsüm-pikirim ýekeje bir meselä gönükdi: ertir maşgalamy eklemek üçin ýeterlik puly nireden almaly? Bu meni gyzyklandyrýan ýekeje zatdy.
Çagalygymda açlygyň nämedigini başymdan geçiripdim. Käteler günde-günaşa diňe spagetti aşlary bilen oňşuk edýärdik, özem ýanynyň çorbasy ýa-da sousy-da ýokdy. Çagalygym açlykda geçenem bolsa, öz çagalarymy açlyga asla dözüp biljek däldim. Meniň eden ýa-da etmedik zatlarym zerarly beýlekileriň kösenmegini islemeýärdim. Men hemişe-de ömrümi öz ýakynlaryma ýagyş etdim. Çagalygymda käwagt maşgalanyň ýeke-täk ekleýjisine öwrülýärdim. Dürli zawod-fabriklerde işlänimde, hepdede togsan dollar zähmet hakyny alýarkam, ähli girdejilerimi, çek ýazgylaryny kakam elimden gaňryp alardy, maňa bolsa ujundan az-owlak ýol şaýyny bölüp bererdi. Soň-soňlaram elmydama diýen ýaly öýüme aýalymy hem-de çagalarymy iýmitlendirmek üçin ýeterlik mukdarda pul getirip bilýärdim. Dogry, ol bol-telki ýa-da ýaýnap ýaşar ýaly mukdarda däldi, ýöne ýeterlik bolýarydy. Şu wagta, ýagny şol kezzap satyja güp ynanan wagtyma çenli hut şeýledi.
Gozgalmaýan emläkleriň satyjysyna ynanjaňlygym hakda uzak-uzak pikirlere çümmedim. Bir zat hakda köp pikirlenmek hemişe gowy netijelere eltýändir öýtmäň. Bu barada has köp pikirlenen bolsam, onda hiç bir zady barlamazdan, derňemezden bir tüpbozdynyň sözüne ynanmagyň hakyky akmaklykdygyna barha ynanardym, has beter göwnüçökgün bolardym, özümi ýykardym, şeýdibem kakamyň men hakda öwran-öwran gaýtalan gyjalatly sözlerini tassykladygym boljakdy. Ýogsam, men şol wagta çenli kakama bir kiçeňräk jaý hem gurup beripdim. Kakam pahyr ömrüniň ahyryna çenli birnäçe ýylyny şol jaýda ýaşapdy.
Ahyry aýgytly bir pikire geldim. Garyma galdym, gaýratyma daýandym. Öňümde ýekeje pikire, ýekeje maksada iteren diňe birje sowal peýda boldy: Maşgalamy eklemek üçin dogry ýoly nädip tapmaly?
Ine, şu aýgytly pikirler meni awtomobil söwdasyna işe getirdi. Bu, dünýädäki iň uly söwdagäre öwrülmegimiň başlangyjydy. Käteler geçmişiň agyryly, ynjyly günlerine nazar aýlamak has eşretli geljege ugur almak üçin iň gowy usuldyr.
(dowamy bar).