Albaniýa bilen Gresiýanyň araçägindäki gowakdan dünýädäki iň uly kerep tapyldy

  • 13.11.2025 19:39
  • 12k+

Alymlar dünýäniň iň uly möý kerebini tapdylar. Ol 106 inedördül metr meýdany tutýar we gowagyň dar geçelgesiniň diwaryny doly örtýär. Bu tor müňlerçe örtükli kerep aýlawyndan ybarat bolup, «ýamalan düşek» ýaly görnüşi emele getirýär diýip, Live Science neşiri belleýär.

Bu ägirt uly kerep ilkinji gezek 2022-nji ýylda Çehiýanyň Speleologiýa jemgyýetiniň gowak gözlegçileri tarapyndan tapylypdy. Häzirki wagtda alym-arahnologlaryň (möý şekillileri öwrenijiler) ekspedisiýasy ony ilkinji gezek jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik döretdi.
Barlaglaryň netijesine görä, bu möý «megapolisinde» iki dürli görnüşden ybarat bolan 111 müňden gowrak möý ýaşaýar. Ýagny öý möýi (Tegenaria domestica), başgaça aýdanda, ammar möýi ýa-da kerep örýän möý, hem-de ondan ownuk görnüşli möýler, ýagny Prinerigone vagans. Alymlar birinji görnüşden 69 müň, ikinji görnüşden bolsa 42 müňden gowrak bardygyny hasaplapdyrlar.

«Bu iki görnüşiň şeýle ägirt uly mukdarda bir gurluşda bile ýaşamagy örän seýrek duş gelýän hadysa» diýip, Rumyniýadaky Sapienția Transilwaniýa uniwersitetiniň alymy we barlagyň ýolbaşçysy Iştwan Urak belleýär.

Adatça, öý möýi özünden kiçi görnüşli möýleri awlardy, emma gowagyň garaňky ýerinde olaryň görüş ukyby gowşandygy sebäpli, bu ýerde iki görnüş hem mikrobedenjikleriň  bioplýonkalary bilen iýmitlenýän ownuk çybynlar bilen iýmitlenýär.
Bu möýleriň ekoulgamynyň ýerleşýän ýeri ýerasty suwlardaky wodorod sulfidiniň oksidlenmeginden emele gelen kükürtli gowakdyr. Gowagyň içinden geçýän kükürtli çeşme möýleriň we beýleki jandarlaryň ýaşaýşyny goldaýar. Molekulýar barlaglaryň netijesinde gowak möýleriniň ýeriň üstündäki möýlerden tapawutlanýandygy anyklandy, bu bolsa olaryň uzak ýyllaryň dowamynda ekstremal şertlere uýgunlaşandygyny görkezýär.

düýn 20:52
2.2k+

«Maşa we Aýy» multserialy doly metražly film bolar

«Maşa we Aýy» multserialynyň awtory Oleg Kuzowkow taslamanyň esasynda dörediljek ilkinji doly metražly filmiň üstünde işläp başlady. Filmiň önümçiligi bilen onuň esaslandyran Studio MiM studiýasy meşgullanar....

düýn 17:28
2.7k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

düýn 16:08
2.2k+

Emili Blant we Stenli Tuççi Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara mynasyp boldy

Emili Blant we Stenli Tuççi Los-Anjelesdäki Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara eýe boldy. Dabara akýorlaryň kärdeşleriniň we maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda geçdi diýip, «People» neşiri habar......

düýn 14:43
1.6k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......