Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26 futbolçyny girizdi. Bu bolsa ýaryşyň final tapgyrynda jemi 1248 sany oýunçynyň çykyş etjekdigini aňladýar.
Ýaryşyň öňüsyrasynda «Forbes» žurnaly dünýä çempionatyna gatnaşýan iň ýokary hakly futbolçylaryň sanawyny neşir etdi.
Bu çempionat taryhda hakyky milliarderleriň oýnaýan ilkinji ýaryşy bolar. Has takygy, olaryň iki sanysy meýdança çykar: Portugaliýanyň ýygyndysynyň 41 ýaşly kapitany Kriştianu Ronaldu we Argentinanyň ýygyndysynyň 38 ýaşly kapitany Lionel Messi.
Reýtingiň başynda Ronaldu durýar. Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi soňky 12 aýyň dowamynda 300 million dollar gazandy. Şolardan 235 million dollary — futbol işinden, 65 million dollary bolsa uly mahabat şertnamalaryndan alyndy.
Iň ýokary zähmet hakyny alýan oýunçylaryň sanawy düzülende olaryň soňky 12 aýdaky girdejileri göz öňünde tutuldy. Maglumatlar habar reportažlaryndan, köpçülige elýeterli bolan maglumatlardan, şol sanda Capology.com saýtyndan we sport insaýderleriniň beren maglumatlaryndan alyndy.
«Forbes» žurnaly boýunça DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan 11 futbolçysy:
- Kriştianu Ronaldu (Portugaliýa) — $300 mln
- Lionel Messi (Argentina) — $140 mln
- Kilian Mbappe (Fransiýa) — $95 mln
- Erling Holand (Norwegiýa) — $80 mln
- Winisius Žunior (Braziliýa) — $60 mln
- Mohamed Salah (Müsür) — $55 mln
- Sadio Mane (Senegal) — $54 mln
- Jud Belligem (Angliýa) — $44 mln
- Lamin Ýamal (Ispaniýa) — $43 mln
- Harri Keýn (Angliýa) — $41 mln
- Neýmar (Braziliýa) — $38 mln
Finance Football-yň wersiýasy boýunça iň ýokary hak alýan tälimçileriň reýtinginde birinji orny italiýaly hünärmen Karlo Ançelotti eýeledi. Ony Braziliýanyň milli ýygyndysyna dünýäde iň ýokary zähmet hakyny hödürläp çagyrdylar we onuň üstüne uly jogapkärçiligi ýüklediler.
Futbol muşdaklary top-ýygyndylar ýaryşda şowsuz çykyş eden ýagdaýynda bu sanawy ýatlasalar gerek. Sebäbi tälimçileriň ilkinji onlugyna Ispaniýanyň we Argentinanyň (soňky DÇ-niň, Ýewronyň we Amerika Kubogynyň häzirki ýeňijileri) halypalary girip bilmedi — olar umumy sanawyň ikinji böleginde ýerleşdi.
DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan baş tälimçileri:
- Karlo Ançelotti (Braziliýa) — ýylda €10 mln
- Ýulian Nagelsmann (Germaniýa) — ýylda €7 mln
- Maurisio Poçettino (ABŞ) — ýylda €6 mln
- Tomas Tuhel (Angliýa) — ýylda €5,8 mln
- Roberto Martines (Portugaliýa) — ýylda €4 mln
- Fabio Kannawaro (Özbegistan) — ýylda €4 mln
- Didýe Deşam (Fransiýa) — ýylda €3,8 mln
- Ronald Kuman (Niderlandlar) — ýylda €3 mln
- Marselo Býelsa (Urugwaý) — ýylda €3 mln
- Jessi Marş (Kanada), Hawýer Agirre (Meksika), Gustawo Alfaro (Paragwaý) — ýylda €2,5 mln
Şeýle hem gyzykly tarapy, girdejileriň derejesi boýunça bäşinji orny garaşylmadyk ýagdaýda Fabio Kannawaronyň ýolbaşçylyk edýän Özbegistanyň milli ýygyndysy paýlaşýar (ol Portugaliýanyň tälimçisi bilen deň derejede ilkinji bäşligi jemleýär). Bellemeli ýeri, Kannawaro Özbegistany hatda bu dünýä çempionatyna hem çykarmandy, onuň milli ýygyndylar bilen işleşmek boýunça umumy tejribesi bolsa mundan ozal diňe 2019-njy ýylda Hytaýda bir aýlap işlemek bilen çäklenipdi.

