Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

  • 05.06.2026 15:52
  • 10k+

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal oýunçynyň esasy bazar bahasyny 50 million ýewro derejesinde kesgitleýär.

​Soňky ýarym ýylyň dowamynda özbegistanly futbolçynyň transfer bazaryndaky nyrhy 15 million ýewro ýokary galdy.

​Husanow fransuzlaryň «Lans» toparyndan transfer bolanyndan soň, 2025-nji ýylyň ýanwar ayndan bäri iňlis klubunda çykyş edip gelýär. Onuň «şäherliler» bilen baglaşan şertnamasynyň möhleti 2029-njy ýylyň tomsuna çenli dowam eder.

​Aziýanyň iň gymmat futbolçylarynyň sanawynda ikinji orny «Maýns» toparynda oynaýan ýaponiýaly ýarym goragçy Kaişu Sano eýeleýär (40 million ýewro). Üçünji ýerde bolsa «Real Sosedad» toparynyň oýunçysy Takefusa Kubo durýar, onuň häzirki bahasy 30 million ýewro barabardyr.

​Husanow öňümizdäki 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde meýdança çykar.


şu gün 13:40
5.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
6.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
10k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......