Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

  • düýn 20:25
  • 3.9k+

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat berilmeýän önümleri we predmetleri barada ýatladýar. Sürüjileriň howpsuzlygy üçin bu sanawa aerozol ballonjyklary, dermanlar, elektronika enjamlary, batareýalar, iýmit, alkogol we plastik çüýşeli suwlar goşuldy.

Gyzgynlyk artanda aerozol ballonjyklarynyň içindäki basyş ýokarlanýar we seýrek ýagdaýlarda ol atylyp bilýär. Saç lagynyň ulagyň öňki aýnasyna zeper ýetiren ýa-da reňk ballonjygynyň adama şikes ýetiren pursatlary durmuşda köp duş gelýär. Öndürijiler, köplenç, munuň ýaly gaplary 49°C-dan ýokary temperaturada saklamazlygy duýdurýar, Günüň aşagynda goýlan ulagyň içinde bolsa howa hasam gyzyp bilýär.

Dermanlary hem ulagyň gapyrjagynda (bardaçok) ýa-da bagažlygynda galdyrmaly däl. Ýokary temperatura olaryň täsirini peseldýär, aýratyn hem bu ýagdaý suwuk görnüşindäki dermanlara, gormonal serişdelere, insuline we beýlekilere degişlidir.

Gajetler we batareýalar hem aýratyn ünsi talap edýär. Smartfonlar, planşetler, noutbuklar, pauerbanklar we akkumulýatorlar aşa gyzanda wagtlaýyn öçüp biler, sygymyny ýitirip biler, akyp ýa-da görnüşini üýtgedip biler, iň erbet ýagdaýda bolsa tütäp, ot alyp biler.

Yssy ulagda iýmit saklamak hem maslahat berilmeýär. USDA we CDC guramalarynyň görkezmelerine görä, çalt zaýalanýan önümleri sowadyjynyň daşynda iki sagatdan artyk, howanyň temperaturasy 32°C-dan ýokary bolanda bolsa bir sagatdan hem köp galdyrmaly däl.

Alkogol, antiseptikler we düzüminde spirt bolan arassalaýjy serişdeler hem yssyny erbet geçirýär. Içgiler zaýalanýar, basyş astyndaky çüýşeler ýarylyp biler, spirtli suwuklyklar bolsa ýangyn howpuny döredip biler. Hatda plastik çüýşedäki suw hem zyýansyz däldir: güýçli gyzgynlykda PET-plastiginden zyýanly maddalar bölünip çykýar, çüýşäniň özi bolsa linza ýaly işläp, Gün şöhlelerini ulagyň oturgyçlarynyň daşlygyna gönükdirip biler.

Şeýlelikde, sürüjilere tomsuna ulagdan düşmezden ozal salony, gapyrjagy we bagažlygy gözden geçirmek maslahat berilýär. Aýratyn hem, eger awtoulag öýüň, söwda merkeziniň ýanyndaky açyk awtoduralgada duran bolsa, şeýle barlag hökmandyr.


13.06.2026 08:06
2.3k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

11.06.2026 12:12
8.4k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

10.06.2026 11:13
9.3k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......