Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

  • şu gün 15:42
  • 5.2k+

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi Iliýa Topuriýa (17-1) bilen ABŞ-dan dalaşgär, «wagtlaýyn» guşagyň eýesi Jastin Getjiniň (28-5) arasynda boldy.

Tutluşygyň başy dartgynly göreş bilen geçdi. Topuriýanyň gorag bilen öňe tarap hereket eden wagty, Jastin hem jeb urgularyny ulandy. Birinji raundyň ahyrynda taraplar biri-birine garşy güýçli urgulary indirdi. Iliýa has agdyk geldi, ýöne Getji hem ýan bermedi.

Ikinji raundda Topuriýa Jastine garşy güýçli gapdal urgularyny ulandy. Getji ilkibaşda muňa çydasa-da, ahyrynda iki büküldi. Şondan soň Topuriýa onuň elini gaňyrmaga we üçburçluk usuly bilen bogmaga synanyşdy. Ýöne Getji bu ýagdaýdan hem çykdy, 5 minutlygyň ahyryny bolsa taraplar güýç toplamak üçin passiw ýagdaýda geçirdi.

Üçünji raundda Topuriýanyň ýadandygy bildirdi. Getji ony jeb we gapdal urgulary bilen gowy sarsdyrdy. Netijede, Topuriýanyň ýüzünde bitin ýer galmady. Raundlaryň arasyndaky arakesmede lukman emine tutluşygy saklamagy maslahat berdi. Ýöne Iliýa söweşi dowam etdirip biljekdigine ynandyrdy.

Dördünji raundda Topuriýa saklandy we aram-aram urgy hem ulandy. Ýöne onuň ýüzi gara-gan bolup, görşi hem ýaramazlaşandan soň, dördünji raunddan soň söweşi saklamaly boldy.

Iliýanyň tarapy tutluşygy dowam etdirmekden ýüz öwürdi.

Şeýlelikde, Getji üç synanyşykdan soň çempion bolmagy başardy. Mundan ozal ol Nurmagomedowdan we Oliweýradan möhletinden ir ýeňlipdi. Indi onuň hasabynda 28 ýeňiş we bäş ýeňliş bar.

Ozal ýarym ýeňil agramyň çempiony bolan Topuriýa üçin bolsa bu ýeňil agramdaky titulynyň ilkinji goragy boldy. Bu tutluşykdan soň Topuriýanyň hasabynda MMA-da 17 ýeňiş we ýekeje ýeňliş bar.


şu gün 15:55
5.4k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

şu gün 14:57
3k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....

şu gün 10:43
6.9k+

Sarukýan RAF 10 ýaryşynda Fergýusony ýeňdi, Çimaýewiň söweşi köpçülikleýin uruş bilen tamamlandy

ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Sent-Luis şäherinde geçirilen «RAF 10» göreş ýaryşynda Arman Sarukýan UFC-niň öňki söweşijisi Toni Fergýuson bilen tutluşykda wagtyndan öň ýeňiş gazandy, Hamzat Çimaýew bilen Dillon......

düýn 22:22
3.9k+

«Nýu-Ýork Niks» 1973-nji ýyldan bäri ilkinji gezek NBA-nyň çempiony boldy

«Nýu-Ýork Niks» jemleýji tapgyrynyň bäşinji duşuşygynda «San-Antonio Spýors» toparyny 94:90 hasabynda ýeňip, 1973-nji ýyldan bäri ilkinji gezek NBA-nyň çempiony boldy....