Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

  • şu gün 15:55
  • 2.9k+

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň, UFC-niň prezidenti Dana Waýt gatnaşyjylara beriljek bonuslaryň möçberini yglan etdi.

Agşamyň esasy duşuşygynda Jastin Getji dördünji raunddan soň tutluşygy dowam etdirip bilmedik Iliýa Topuriýany ýeňdi. Agyr agramyň wagtlaýyn tituly ugrundaky başga bir tutluşykda bolsa, Siril Gan Aleks Pereýradan ikinji raundda tehniki nokaut bilen üstün çykdy.

Ýaryşyň beýleki netijeleri:

  • Diego Lopes ikinji raundda Stiw Garsiýany nokauta düşürdi;
  • Bo Nikal birinji raundda Kaýl Dakasy tehniki nokaut bilen ýeňdi;
  • Maurisio Ruffi birinji raundda Maýkl Çendleri tehniki nokaut bilen ýeňdi;
  • Joş Hokit ikinji raundda Derrik Lýuisi tehniki nokaut bilen ýeňdi;
  • Şon O'Melli birinji raundda Aýmann Zahabini nokauta gidirdi.

«Agşamyň iň gowy söweşi» diýlip Getji bilen Topuriýanyň arasyndaky söweş ykrar edildi. Söweşijileriň ikisine hem bonus hökmünde 400 müň dollar pul baýragy berilýär.

Mundan başga-da, Jastin Getji we Siril Gan «Agşamyň iň gowy çykyşy» üçin 425 müň dollar möçberinde bonus alar.


şu gün 15:42
3.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

şu gün 14:57
1.9k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....

şu gün 10:43
5.9k+

Sarukýan RAF 10 ýaryşynda Fergýusony ýeňdi, Çimaýewiň söweşi köpçülikleýin uruş bilen tamamlandy

ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Sent-Luis şäherinde geçirilen «RAF 10» göreş ýaryşynda Arman Sarukýan UFC-niň öňki söweşijisi Toni Fergýuson bilen tutluşykda wagtyndan öň ýeňiş gazandy, Hamzat Çimaýew bilen Dillon......

düýn 22:22
3.7k+

«Nýu-Ýork Niks» 1973-nji ýyldan bäri ilkinji gezek NBA-nyň çempiony boldy

«Nýu-Ýork Niks» jemleýji tapgyrynyň bäşinji duşuşygynda «San-Antonio Spýors» toparyny 94:90 hasabynda ýeňip, 1973-nji ýyldan bäri ilkinji gezek NBA-nyň çempiony boldy....