Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

  • düýn 12:20
  • 7.1k+

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar berýär.

Ministriň bellemegine görä, ýurt IT-hünärmenleri üçin «Digital Nomad Visa» (Sanly göçüp-gonup ýaşaýanlaryň wizasy) we syýahatçylar üçin «Neo Nomad Visa» (Täze göçüp-gonup ýaşaýanlaryň wizasy) berip başlady. Myhman kabul edýän tarap daşary ýurtly raýatyň gelendigi barada migrasiýa edaralaryna onlaýn tertipde habar berip biler.

– Aeroportlarda we uly serhet geçelgelerinde QR-kodly «syýahatçylyk kartlary» berilýär. Olarda bolmagyň düzgünleri, gyssagly kömek gulluklarynyň we aragatnaşyk operatorlarynyň telefon belgileri barada zerur maglumatlar ýerleşdirilen. Mundan başga-da, «QazETA» atly ykjam goşundy döredilýär. Onuň kömegi bilen daşary ýurtlylar şahsy belgini resmileşdirmekden başlap, migrasiýa hyzmatlarynyň köpüsinden peýdalanyp bilerler. Häzirki wagtda parlament tarapyndan kanunçylyga degişli üýtgetmeler seredilýär – diýip, Sadenow täze düzgün hakynda giňişleýin belleýär.

Mundan başga-da, Içeri işler ministrligi syýahatçylyk polisiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmegi we syýahatçylyk desgalaryndaky wideogözegçilik ulgamlaryny içeri işler edaralarynyň operatiw dolandyryş merkezlerine birikdirmegi teklip edýär.


düýn 16:40
1.6k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3.1k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......