Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

  • 01.06.2026 19:46
  • 10k+

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär.

Möwsümiň resmi toparyna ýaryşyň ýeňijisi «Pari Sen-Žermenden» bäş futbolçy girdi.

Möwsümiň iň gowy oýunçysy diýlip saýlanan Hwiça Kwarasheliýa meýdançanyň çep gyrasynda ýer aldy, final duşuşygynyň iň gowy oýunçysy Witinýa bolsa meýdançanyň merkezinde ýerleşdi. Olardan başga-da, möwsümiň toparyna «PSŽ-den» goragçylar Markinýos we Nunu Mendeş, şeýle hem hüjümçi Usman Dembele girdi.

Şeýle-de, simwolik toparda Çempionlar ligasynyň finalçysy Londonyň «Arsenal» toparyndan üç futbolçy, ýarym finalçylar «Bawariýa» bilen «Atletikodan» bolsa, degişlilikde, iki we bir oýunçy bar.

Çempionlar ligasynyň 2025/26 möwsüminiň topary:

Çempionlar ligasynyň 2025/26 möwsüminiň iň gowy 10 golunyň sanawynda birinji orny «Realyň» oýunçysy Federiko Walwerdeniň 1/8 finalyň ilkinji oýnunda topy ýere düşmänkä depip girizen we het-trige getiren ajaýyp goly eýeledi.

Ikinji orunda «Tottenhemiň» goragçysy Miki wan de Weniň umumy tapgyrda «Kopengagene» garşy oýunda ýekelikde ähli garşydaşlaryndan geçip, salan goly ýerleşdi. Üçünji orny bolsa «Bawariýanyň» hüjümçisi Luis Diasyň «Pari Sen-Žermene» garşy geçirilen ilkinji ýarym final duşuşygyndaky goly eýeledi.

Möwsümiň iň gowy gollary:

  • Federiko Walwerde («Real» — «Man Siti» 3:0) – 1/8 finalyň ilkinji oýny, üçünji goly
  • Miki wan de Wen («Tottenhem» — «Kopengagen» 4:0) – umumy tapgyr
  • Luis Dias («PSŽ» — «Bawariýa» 5:4) – ilkinji ýarym final duşuşygy
  • Hwiça Kwarasheliýa («PSŽ» — «Atalanta» 4:0) – umumy tapgyr
  • Harri Keýn («Bawariýa» — «Atalanta» 4:1) – 1/8 finalyň jogap duşuşygy, ikinji goly
  • Lamin Ýamal («Brýugge» — «Barselona» 3:3) – umumy tapgyr
  • Witinýa («PSŽ» — «Tottenhem» 5:3) – umumy tapgyr, birinji goly
  • Anatoliý Trubin («Benfika» — «Real» 4:2) – umumy tapgyr
  • Wlad Dragomir («Pafos» — «Slawiýa» 4:1) – umumy tapgyr,
  • Noni Madueke («Brýugge» — «Arsenal» 0:3) – umumy tapgyr, birinji goly.

şu gün 15:58
5.6k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
3.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.9k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......