DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

  • şu gün 14:48
  • 3k+

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar belli boldy.

D toparça

ABŞ – Awstraliýa — 2:0

ABŞ-nyň milli ýygyndysy Sietl şäherindäki (Waşington ştaty, ABŞ) «Lýumen Fild» stadionynda Awstraliýany 2:0 hasabynda ynamly ýeňip, pleý-off tapgyryna çykmagy kepillendirdi.

Hasap 11-nji minutda açyldy. Awstraliýaly goragçy Kemeron Býorjessiň öz derwezesine geçiren içýakgyç golundan soň, ýygyndy öňe saýlandy. Oýnuň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edilen Folarin Balogun jerime meýdançasyna pökgini geçirdi, Býorjess bolsa topy daşlaşdyrmaga synanyşan wagty ony öz derwezesine girizdi. 44-nji minutda Aleksandr Friman amerikalylaryň artykmaçlygyny iki essä çykardy. Bu çekeleşikli pursatda baş emin ilkibaşda goly hasaba almady, ýöne kömekçi eminler bilen maslahatlaşanyndan soň, «ofsaýdyň» ýokdugyny we goluň düzgüne laýyk geçirilendigini tassyklady.

Oýnuň netijesinde ABŞ-nyň milli ýygyndysy dünýä çempionatlarynyň taryhyna girdi: olar jahan ýaryşynda yzly-yzyna iki oýunda garşydaşlarynyň öz derwezesine geçiren gollarynyň (awtogol) hasabyna ýeňiş gazanan taryhdaky ilkinji topar boldy. Oýnuň özi örän dartgynly geçip, 7 sany sary kart görkezildi. Bu bolsa 23-nji dünýä çempionatynda häzire çenli görkezilen iň köp sary kartly oýun boldy. Üstesine-de, bu duýduryşlary görkezen baş emine oýnuň dowamynda hut meýdançada damary çekmegi sebäpli lukmançylyk toparynyň kömegi gerek boldy.

Türkiýe – Paragwaý — 0:1

Türkiýeli janköýerleriň uly höwes bilen garaşan bu oýny olaryň ýygyndysynyň 0:1 hasabyndaky az hasapda utulmagy bilen tamamlandy. Duşuşyk Santa-Klara şäherindäki (Kaliforniýa ştaty, ABŞ) «Liwaýs» stadionynda geçirildi.

Paragwaýly futbolçylar duşuşygyň eýýäm 2-nji minutynda türkleriň öz ýarym meýdançasynda goýberen ýalňyşlygyndan peýdalandylar: Matias Galarsa, Hulio Ensisonyň beren topundan soň, uzakdan takyk urgy bilen gol geçirdi.

​Birinji ýarymyň ahyrynda (45+3-nji minutda) Paragwaýyň ýygyndy topary meýdançada bir oýunçylyk azaldy — Migel Almiron Türkiýe toparynyň oýunçysy bilen jedelleşýän wagty agzyny eli bilen ýapandygy üçin gyzyl petek aldy (bu FIFA-nyň täze düzgüniniň dünýä çempionatynda ilkinji gezek ulanylyşydyr).

Ikinji ýarymyň tutuş dowamynda sany boýunça artykmaçlykdan peýdalanandygyna garamazdan, Türkiýe hasaby deňlemegi başarmady. Topar garşydaşynyň derwezesine tarap 32 urgy ýollady (Paragwaýda bu görkeziji bary-ýogy 6 boldy) we 12 sany burçdan urgy amala aşyrdy (Paragwaýda — 0), emma synanyşyklaryň hiç biri gol bilen tamamlanmady. Bu utulyş sebäpli Türkiýe möhletinden öň toparçadan çykmak mümkinçiliginden mahrum boldy, Paragwaý bolsa pleý-off tapgyryna çykmak umydyny saklap galdy.

D toparçadaky ýagdaý:

ABŞ — 6 utuk;

Awstraliýa — 3 utuk;

Paragwaý — 3 utuk;

Türkiýe — 0 utuk.

​Nobatdaky duşuşyklar (26-njy iýun, sagat 07:00):

Türkiýe — ABŞ;

Paragwaý — Awstraliýa.

C toparça

​Şotlandiýa — Marokko — 0:1.

Foksborodaky (Massaçusets ştaty, ABŞ) «Jillet» stadionynda bolup geçen duşuşygyň ykbalyny hem eýýäm 2-nji minutda geçirilen ýeke-täk gol çözdi.

Bu goluň awtory «Real Madrid» klubunyň oýunçysy Braim Diasyň beren topundan peýdalanan «PSW» toparynyň ýarym goragçysy Ismaýel Saýbari boldy.

Duşuşygy Ilgiz Tantaşewiň ýolbaşçylygyndaky Özbegistandan gelen eminler topary dolandyrdy.

​Goluň awtory Ismael Saýbari pas bermegiň ýokary ussatlygyny görkezip, duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi: onuň beren 25 pasynyň 21-i takyk boldy (84%).

Braziliýa — Gaiti — 3:0

​Braziliýalylar Filadelfiýadaky (Pensilwaniýa ştaty, ABŞ) «Linkoln Faýnenşel Fild» stadionynyň meýdançasynda geçirilen duşuşygyň ykbalyny eýýäm birinji ýarymda çözüp, Gaitiniň ýygyndy toparyny uly hasap bilen utmagy başardylar.

​Duşuşygyň 23-nji minutynda Mateus Kunýa hasaby açdy. 36-njy minutda bolsa ol Winisius Žunioruň beren topundan peýdalanyp, özüniň ikinji goluny girizdi. Arakesme jürlewüginiň öňüsyrasynda (45+3-nji minutda) Lukas Paketanyň pasyndan soň Winisiusyň özi-de tapawutlanmagy başardy.

Braziliýanyň ýygyndy topary üçin amatsyz ýagdaýlaryň biri hökmünde hüjümçi Rafinýanyň şikes almagy sebäpli birinji ýarymda mejbury çalşylmagyny görkezip bolar. Duşuşygyň ikinji ýarymynda bolsa Endrik dünýä çempionatlarynda milli ýygyndynyň hatarynda ilkinji gezek meýdança çykdy.

​Gaitiniň ýygyndy topary üçin bu ýeňliş pleý-off tapgyryna galmak baradaky ähli mümkinçilikleriň dolulygyna ýitirilmegi diýmegi aňlatdy.

C toparçadaky ýagdaý:

Braziliýa — 4 utuk;

Marokko — 4 utuk;

Şotlandiýa — 3 utuk;

Gaiti — 0 utuk.

Nobatdaky duşuşyklar (25-nji iýun, sagat 03:00):

Marokko — Gaiti;

Şotlandiýa — Braziliýa.

​Ýakyn wagtda geçiriljek duşuşyklaryň bildirişi 

E toparça

Germaniýa — Kot-d'Iwuar (21-nji iýun, sagat 01:00). Pleý-off tapgyryna göni çykmak ugrunda toparçanyň liderleriniň arasyndaky göreş (häzirki wagtda ikisinde-de 3 utuk bar).

Ekwador — Kýurasao (21-nji iýun, sagat 05:00).

F toparça

Niderlandlar — Şwesiýa (20-nji iýun, sagat 22:00). Ýeňiş Şwesiýany pleý-off tapgyryna çykarar, utulyş bolsa Niderlandlaryň ýaryşdaky ýagdaýyny örän çylşyrymlaşdyrar.

Tunis — Ýaponiýa (21-nji iýun, sagat 09:00). Tunisiň ýygyndy topary täze baş tälimçiniň ýolbaşçylygynda meýdança çykar — birinji tälimçi şwedlerden uly hasap bilen (5:1) utulanyndan soň wezipesinden boşadylypdy.


düýn 17:01
7.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
6.6k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

18.06.2026 14:25
15k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

18.06.2026 09:54
1.7k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....