Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär.
A toparça
Çehiýa — Günorta Afrika Respublikasy (GAR) – 1:1
Amerikanyň Atlanta şäherindäki «Mersedes-Bens» stadionynda geçirilen bu duşuşyk deňlik bilen tamamlandy. Bu oýunda ilkinji gezek erkekleriň dünýä çempionatynda baş emin hökmünde zenanyň – amerikaly Tori Pensonyň çykyş etmegi bilen has-da ýatdagalyjy boldy.
Oýnuň 6-njy minutynda çehler hasaby açdylar. «Slawiýanyň» futbolçysy Mihal Sadilek Aleksandr Soýkanyň geçiren topuny derwezä girizdi. Şondan soňky birinji ýarymyň köp böleginde GAR-yň ýygyndysy hüjüm etse-de, olar hasaby diňe oýnuň ahyrynda deňläp bildiler.
83-nji minutda jerime meýdançasynda topuň el bilen oýnalandygy üçin emin 11 metrlik penaltini belledi we ony Teboho Mokoena dürs ýerine ýetirip, hasaby 1:1 görnüşine getirdi.
Meksika — Günorta Koreýa — 1:0
Meksikanyň ýygyndysy Sapopan şäherinde (Meksikanyň Halisko ştaty) ýerleşýän «Akron» stadionynda Günorta Koreýanyň toparynyň üstünden minimal (1:0) hasabynda ýeňiş gazandy.
Oýnuň ykbalyny 50-nji minutda girizilen ýeke-täk gol kesgitledi. Koreýleriň derwezeçisi Kim Syn Kýu öz jerime meýdançasynda düýpli ýalňyşlyk goýberdi we meksikaly goragçy Luis Romo bu mümkinçilikden peýdalanyp, topy derwezä girizdi. Şondan soň meksikalylar bar ünslerini goraga jemlediler we ýeňişli hasaby gorap sakladylar.
Jemi 6 utuk toplan Meksikanyň ýygyndysy dünýä çempionatynda ilkinji bolup pleý-off tapgyryna çykmagy möhletinden öň kepillendirdi.
A toparçadaky ýagdaý:
1. Meksika – 6 utuk
2. Günorta Koreýa –3 utuk
3. Çehiýa –1 utuk
4. GAR – 1 utuk
Indiki tapgyrda (25-nji iýun, sagat 06:00-da) duşuşjaklar:
Çehiýa –Meksika
GAR – Günorta Koreýa
B toparça
Şweýsariýa – Bosniýa we Gersegowina – 4:1
Şweýsariýalylar ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda garşydaşlaryny derbi-dagyn etdiler.
Bosniýanyň topary 74-nji minuta çenli garşydaşlarynyň hüjümlerini yza serpikdirmegi başardy. Oýunda öwürilişik döreden pursat bolsa, 74 we 90-njy minutlarda dubl eden ýarymgoragçy Ýohan Manzambiniň meýdança çykmagy boldy.
Onuň ilkinji golundan soň, 80-nji minutda bosniýaly Tarik Muharemowiçiň gyzyl kart bilen meýdançadan çykarylmagy oýnuň ahyryndaky uly hasabyň emele gelmegine düýpli täsir etdi. Şondan bary-ýogy 4 minut geçenden soň, şweýsariýaly hüjümçi Ruben Wargas Bril Embolonyň geçiren topuny derwezä girizip, toparynyň artykmaçlygyny iki esse artdyrdy.
Oýnuň goşmaça wagtynda (90+3-nji minut) bosniýaly Ermin Mahmiç bir pökgini derwezä girizip, hasaby 3:1-e getirdi.
Onuň soňky nokadyny bolsa 90+7-nji minutda penaltini dürs ýerine ýetiren Granit Jaka goýdy – 4:1.
Kanada — Katar — 6:0
Kanada milli ýygyndysy Wankuwerdäki öz meýdançasynda – «Bi-Si Pleýs» stadionynda Katary ynamly ýeňip, derbi-dagyn etdi. Ýaryşyň eýeleri meýdançada doly «höküm sürdüler», munuň subutnamasy hökmünde olaryň 19 gezek burçdan urgy ýerine ýetirendiklerini-de görkezmek bolar.
Oýnuň 16-njy minutynda Kaýl Larin hasaby açdy, 29-njy minutda bolsa Jonatan Dewid toparynyň artykmaçlygyny iki esse artdyrdy. 33-nji minutda katarlylar az bolup galdylar: Homam Ahmad garşydaş oýunçyny ýekme-ýeklikde «soňky umydyndan alyp galandygy» üçin gyzyl kart aldy.
Birinji ýarym tamamlanaýmanka (45+3-nji minut) Jonatan Dewid duşuşykdaky ikinji goluny geçirdi.
Ikinji ýarymyň başynda kanadaly goragçy Ismael Kone bilen katarly Assim Madibonyň arasyndaky dartgynly çaknyşyk sebäpli oýny birneme eglemeli boldy. Netijede, kanadaly oýunçyny çalşyldy. Katarly futbolçy bolsa toparyny dokuz adam bilen galdyryp, gyzyl kart bilen meýdançadan çykaryldy.
64-nji minutda ätiýaçdan meýdança çykan Natan Saliba penaltiden hasaby 4:0-a ýetirdi. 75-nji minutda bolsa Kataryň ýarymgoragçysy Muhammad Al-Mannai topy öz derwezesine girizdi (awtogol). Oýnuň soňky nokadyny 90+2-nji minutda het-trik eden Jonatan Dewid goýdy
Bu ýeňiş Kanada ýygyndysy üçin dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky ilkinji ýeňiş boldy.
B toparçadaky ýagdaý:
Kanada — 4 utuk;
Şweýsariýa — 4 utuk;
Bosniýa we Gersegowina — 1 utuk;
Katar — 1 utuk.
Indiki tapgyrda (25-nji iýun, sagat 00:00-da) duşuşjaklar:
Şweýsariýa — Kanada
Bosniýa we Gersegowina — Katar
Ýakyn wagtda garaşylýan oýunlar (20-nji iýun):
D toparça:
ABŞ – Awstraliýa (00:00): Iki toparyň hem häzirki wagtda 3 utugy bar.
Türkiýe – Paragwaý (08:00): Iki ýygyndynyň hem utugy ýok. Türkiýe üçin bu ýeňiş ýaryşda galmak we ýagdaýyny kynlaşdyrmazlyk üçin örän möhümdir.
С toparça:
Şotlandiýa – Marokko (03:00): Şotlandlar 3 utuk bilen toparçada öňdeligi eýeleýärler.
Braziliýa – Gaiti (05:30): Braziliýalylar birinji tapgyrda marokkolylar bilen deňme-deň oýnap, olar bilen bilelikde ikinji we üçünji orunlary paýlaşýarlar.



