DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

  • 17.06.2026 12:40
  • 11k+

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy.

I toparça

Fransiýa — Senegal — 3:1.

Oýun ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatyndaky «Metlayf» stadionynda geçirildi. Dünýäniň häzirki wise-çempionlary Senegala garşy duşuşyga örän tagaşyksyz başladylar. Birinji ýarymda Didýe Deşamyň şägirtleri derwezä bary-ýogy birje gezek urgy etdiler, bu fransuz ýygyndysy üçin 1966-njy ýyldan bäri dünýä çempionatlarynyň birinji ýarymlaryndaky iň ýaramaz görkezijidir. Tersine, senegallylar has batyrgaý hereket etdiler we olarda hasaby açmak üçin ähli mümkinçilikler boldy.

Ýagdaý ikinji ýarymda üýtgedi. Fransuzlar tizligi artdyrdylar we has çalt hüjüme geçip başladylar. Oýnuň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edilen Maýkl Olise aýratyn tapawutlandy. Ol 66-njy minutda Kilian Mbappä pas berdi. Hüjümçi derwezebanyň biraz öňe çykanyny görüp ýetişdi we ýerlikli urgy bilen Fransiýany öňe çykardy. Oýnuň tamamlanmagyna sekiz minut galanda, ätiýaçdan meýdança çykan Bredli Barkolýa hasaby iki essä çykardy. 90+5-nji minutda Ibraima Mbaýe (Ol Afrikanyň taryhynda Dünýä çempionatlarynda gol geçiren iň ýaş fubolçy diýlip hasaba alyndy – 18 ýaş 142 gün) Senegalyň ýeke-täk jogap goluna awtorlyk etdi, ýöne oýun täzeden başlanan dessine Mbappe dubl edip, duşuşygyň jemleýji hasabyny kesgitledi.

Şu oýnuň ýene bir aýratynlygy-da, onuň dowamynda eminiň «aşa geçirimliligi» esasynda, oýunçylara hiç hili sary petegiň görkezilmänligidir. Bu ýagdaý köp hünärmenleri we janköýerleri geň galdyrdy.

Bu oýunda Mbappe milli ýygyndy üçin 58-nji goluny geçirdi we Oliwýe Žirunyň bombardirlik rekordyny täzeledi. Şeýle hem ol dünýä çempionatlaryndaky gol sanyny 14-e ýetirip, Pele (12 gol) we Žýust Fonteniň (13 gol) öňüne geçdi hem-de bu görkeziji boýunça Gerd Mýullere deňleşdi.

Yrak — Norwegiýa — 1:4

Oýun ABŞ-nyň Massaçusets ştatyndaky «Žillett Stedium» arenasynda geçirildi.

 28 ýyldan soň dünýä birinjiligine gaýdyp gelen Norwegiýa ýygyndysy Yragy ynamly ýeňdi. «Wikingleriň» düzüminde dünýäniň iň gowy hüjümçileriniň biri Erling Holand tapawutlandy. Ol hasaby 29-njy minutda açdy. On minut geçensoň, Yragyň oýunçysy Aýmen Husseýn hasaby deňledi. Bu goluň yraklylar üçin dünýä çempionatdaky ilkinji goldugynam bellemek gerek. Ýöne arakesmeden sähelçe öň (43-nji minut) Holand goragçy Zaýid Tahsiniň we derwezeçi Jelal Hasanyň ýalňyşyndan peýdalanyp, dubl etdi.

Ikinji ýarymda Leo Estigor (76) skandinawlaryň üçünji goluny geçirdi, 96-njy minutda bolsa Husseýn öz derwezesine gol (häzirlikçe bir oýunda iki derwezä gol geçiren ýeke-täk futbolçy) geçirdi.

Bu oýundan soň Holandyň hasabynda milli ýygyndy üçin 51 oýunda 57 gol boldy.

                                                        I toparçadaky ýagdaý:

Norwegiýa — 3 utuk (top tapawudy+3);

Fransiýa — 3 utuk (top tapawudy+2);

Senegal — 0 utuk;

Yrak —0 utuk. 

                                     Indiki tapgyryň oýunlary (23-nji iýun):

Fransiýa — Yrak (02:00);

Norwegiýa — Senegal (05:00).

                                                                          J toparça

Argentina – Alžir –3:0.

Oýun ABŞ-nyň Missuri ştatyndaky «Errouhed» stadionunda geçirildi.

Dünýäniň häzirki çempionlary ýaryşa uly ýeňiş bilen başladylar. Oýnuň başynda toparlar gol geçirdiler, ýöne VAR ulgamy ofsaýd sebäpli ikisini hem hasaba almady. 17-nji minutda argentinalylaryň kapitany Lionel Messi hasaby açdy. Onuň goly birinji ýarymda ýeke-täk gol boldy.

60-njy minutda Messi dubl etdi, 15 minut geçensoň bolsa, ol Lýuka Zidanyň derwezesine üçünji gezek zabt etdi we 23-nji dünýä çempionatynda 1-nji gezek hettirik hasaba alyndy. Şeýlelik bilen, Messi dünýä çempionatlaryndaky gol sanyny 16-a ýetirdi we Miroslaw Klozeniň rekordyna deňleşdi. Indiki gol ony ýeke-täk lider eder.

Mundan başga-da, bu Lionel üçin milli ýygyndydaky 200-nji oýun boldy, bu taryhdaky üçünji netijedir. Mundan köp oýun diňe portugaliýaly Kriştianu Ronaldunyň (228) we kuweýtli Bader Al-Mutawanyň (202) hasabynda bar.

Awstriýa – Iordaniýa – 3:1.

Oýun ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Santa-Klara şäherinde «Leýwis» stadionynda geçirildi. Jemleýji hasaba garamazdan, iordaniýalylar örän güýçli garşylyk görkezdiler. Oýundaky dartgynlylygyň soňuna çenli saklanyp galandygyny-da bellemek gerek.

20-nji minutda hasaby awstriýaly Romano Şmid açdy. Iordaniýa ikinji ýarymyň başynda hasaby deňlemegi başardy –50-nji minutda Ali Olwan birnäçe rikkoşetden soň topy derwezä girizdi. Bu gol Iordaniýanyň dünýä çempionatdaky ilkini goly bolup hasaba alyndy. Oýnuň 77-nji minutynda iordaniýalylaryň goragçysy Ýazan Al-Arab kellesi bilen topy öz derwezesine girizdi.

Oýnuň jemleýji hasabyna 12-nji goşmaça minutda Marko Arnautowiç nokat goýdy. Ol baş eminiň VAR-da seredip bellän penaltini ynamly ýerine ýetirdi.

Hasabyň oýun depginine biraz gabat gelmändigini belläp geçsek, ýerlikli bolar. Iordaniýalylar, iň bolmanda, deňlige mynasyp çykyş edipdiler.

                                                       J toparçadaky ýagdaý:

Argentina – 3 utuk (gol tapawudy +3);

Awstriýa – 3 utuk (gol tapawudy +2);

Iordaniýa – 0 utuk;

Alžir – 0 utuk.

Indiki tapgyryň oýunlary:

Argentina – Awstriýa (22-nji iýun, 22:00);

Iordaniýa – Alžir (23-nji iýun, 08:00).

DÇ–2026-nyň ýakyn wagtda geçiriljek oýunlarynyň tertibi

Indi bolsa oýna ýene bir futbol supergahrymany – Kriştianu Ronaldu goşulýar. Angliýa bilen Horwatiýanyň arasyndaky garşylygyň hem örän gyzykly bolmagyna garaşylýar.

Mundan başga-da, dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysy Kolumbiýa garşy geçirjek oýny bilen ilkinji gezek debýut eder.                                       

K toparça

Portugaliýa – DR Kongo (17-nji iýun, 22:00);

Özbegistan – Kolumbiýa (18-nji iýun, 07:00).

L toparça

Angliýa – Horwatiýa (18-nji iýun, 01:00);

Gana –Panama (18-nji iýun, 04:00).


düýn 14:25
12k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.6k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
16k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

17.06.2026 11:14
8.1k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......