Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

  • şu gün 17:07
  • 4.8k+

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni FIFA nyň milli ýygyndylar boýunça dowamly hödürleýän sanawy esasynda delillendirmäge çalşalyň.

Häzirki wagtda FIFA-nyň sanawyna görä iň güýçli 10 ýygyndynyň tertibi şeýleräk görnüşde durýar:

1.Argentina (1877.27 utuk);

2.Ispaniýa (1874.71 utuk);

3.Fransiýa (1870.70 utuk);

4.Angliýa (1828.02 utuk);

5.Portugaliýa (1767.85 utuk);

6.Braziliýa (1765.86 utuk);

7.Marokko (1755.10 utuk);

8.Niderlandlar (1753.57 utuk);

9.Belgiýa (1742.24 utuk);

10.Germaniýa (1735.77 utuk).

Görnüşi ýaly, “C” toparçadan orun alan Brazilýa bilen Marokkonyň ýygyndylary bu sanawda hem iň ýakyn bäsdeş. Aslynda-da Braziliýanyň ýygyndysyna jahan çempionatynyň mümkingadar ýeňijileriniň biri hökmünde garalýar. Toparyň ýyldyzlary ýetik bolsa-da, olara düzgün-tertip ýetmezçilik edýärdi. Ýöne Karlo Ançelottiniň gelmgi bilen bu meseläniň hem çözgüdi tapylar. Marokko bolsa geçenki Dünýä çempionatyň şowhun turuzan topary we eminiň karary bilen hem bolsa, herniçik-de Afrikanyň Milletler Kubogynyň eýesi.

Toparlar öňem bir ýola gabatlaşypdylar we ol duşuşyk, baryp-ha, 1998-nji ýylyň Dünýä çempionatynda bolup geçipdi. Şol gezek braziliýalylar marokkalylary derbi-dagyn edipdiler. Ýeňiş getiren üç goly bolsa Ronaldo, Riwaldo we Bebeto salypdy.

Ikinji we soňky gezek bolsa toparlar beýle bir öňem däl, 2023-nji ýylyň martynda «didarlaşdylar». Ýoldaşlyk duşuşygy bolsa-da, toparlar oýna çynlakaý girişdiler. Netijede çekeleşikli hem dözümli geçen oýunda ýeňiş marokkalylaryňkylyk boldy we 2:1 hasap bilen hut şolaryň peýdasyna-da tamamlandy.

Ine, şu ýagdaýlary göz öňünde tutanyňda hem, ertirki oýnuň nähili jemlenjegi hakynda öňünden belli bir zat aýtmak örän çetin.

Oýnuň geçiriljek güni hem wagty 14-nji iýun, sagat 03:00.

Şeýle-de günüň beýleki gyzykly oýunlary

Awstraliýa:Türkiýe. Şonuň ýaly-da, şu sanawda Awstraliýa bilen Türkiýäniň arasyndaky oýnuňam diýseň dartgynly bolmagyna garaşylýar.

Oýniň geçiriljek güni hem wagty 14-nji iýun, sagat 09:00.

Germaniýa — Kýurasao

Bularyň tersine, dereje taýdan biri-birinden iň uzakda durýan toparlaryň duşuşygy bolsa “E” toparçada hasaba alyndy. Bu ýerde dünýä reýtinginde 10-njy ýerde durýan Germaniýanyň ýygyndysy bilen 83-nji orundaky Kurasaonyň ýygyndysy garşylaşar. Häzirki wagtda bu görkeziji turnirdäki bäsdeşleriň arasyndaky iň uly aratapawutdyr.

Oýnuň geçiriljek güni we wagty: 14-nji iýun, sagat 22:00.


şu gün 16:24
3.2k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

şu gün 12:33
3.3k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

düýn 18:20
4k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
9.4k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....