Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

  • 04.06.2026 17:40
  • 10k+

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň kadadan tas üç esse köp bolmagy bilen baglanyşdyrylýar.

​Suw howdany Peşkun etrabynyň Gazly şäherçesiniň demirgazygynda, öň gurak ýer hasaplanýan künjekde döredi. Özbegistanyň Ekologiýa partiýasynyň berýän maglumatlaryna görä, köl özüniň göwrümi boýunça Buhara şäheriniň meýdanyndan hem uly bolup, ýurduň iri gidrologik desgalary bilen bäsleşip biljek derejededir.

​Hünärmenler bu suw howdanynyň emele gelmegine diňe bir tebigy şertleriň däl, eýsem başga ýagdaýlaryň hem täsir edendigini belleýärler. Suw hojalygy ministrliginiň sebitde balykçylygy ösdürmek boýunça maksatnamalarynyň çäginde ýörite kanallar çekilip, olar arkaly köle ýerasty suwlar akdyrylypdyr. Köli suw bilen üpjün edýän kollektor kanalynyň uzynlygy takmynan 126 kilometre ýetýär.

​Ekologlar çöl zolagynda şeýle uly suw howdanynyň peýda bolmagynyň sebitiň ekoulgamy we suw üpjünçiligi babatda hem oňyn üýtgeşmelere, şonuň bilen bir wagtda käbir töwekgelçiliklere-de getirip biljekdigini çaklaýarlar.


17.06.2026 11:34
6k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

15.06.2026 22:20
5.8k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 16:12
4.5k+

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......

14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......