Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi.
Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, Sarangani welaýatynda umman yzyna çekildi, munuň netijesinde kenar ýakasy takmynan 200 metr giňeldi. Suwuň astyndan merjen gaýalarynyň we deňiz suwotularynyň uly bölekleri ýüze çykdy.
Has-da çylşyrymly ýagdaý Glan häkimliginde bolup geçýär. Suwsuz galan merjenler we beýleki deňiz jandarlary köpçülikleýin gyrlyp başlady. 
Ýatladyp geçsek, ýer yranmalaryň tapgyry Mindanao adasynda 2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda ýerli wagt bilen sagat 07:37:40-da bolup geçipdi. Betbagtçylyk zerarly 65 adam heläk boldy, ýene 36 adam dereksiz ýiten diýlip hasaplanylýar, 1,1 müňden gowrak adam bolsa şikes aldy.
Tebigy harasat şeýle hem müňlerçe ýaşaýyş jaýynyň weýran bolmagyna we onlarça ilatly nokatlarda elektrik üpjünçiliginiň bökdelmegine getirdi. Halas ediş gulluklary ýer titremesiniň netijelerini düzetmegi we weýrançylyklary arassalamagy dowam etdirýärler.