UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

  • 07.06.2026 11:02
  • 11k+

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar.

Braziliýaly söweşiji A24 studiýasynyň «Çozuş» (Onslaught / Натиск) diýlip atlandyrylýan taslamasynda rol aldy. Bu filmiň ilkinji premýerasy 4-nji sentýabrda bolar.

Filmiň awtorlary resmi treýleri hödürledi, onda Pereýra Gassap lakamly gahrymanyň keşbinde peýda bolýar. Onuň gahrymanynyň filmiň baş gahrymanlarynyň garşysyna çykjak esasy duşmanlaryň biridigi belli.

Sýužet treýler parkynda maşgalasy bilen ýaşaýan bir aýal barada gürrüň berýär. Gizlin harby desgadan syrly bir jandaryň gaçmagy bilen olaryň durmuşy bütinleý üýtgeýär. Baş gahryman indi öz ýakynlaryny goramaly we bolup geçýän wakalaryň anygyna ýetmeli bolar.

Filmiň režissýory — ozal «Godzilla Konga garşy» we «Godzilla we Kong: Täze imperiýa» filmleri bilen tanalýan Adam Wingarddyr. Ssenarini Saýmon Barrett ýazdy. Aktýorlyk düzümine Adriýa Arhona, Den Stiwens, Rebekka Holl we Maýkl Bin hem girdi.


şu gün 11:31
988

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.6k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....