Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär.
Taslamanyň ýordumynyň mazmuny we onuň ady heniz mälim edilmedi.
Uelsiň habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, ýakynda Portkoul şäherinde geljekki filmdäki gahrymanlaryň biriniň jaýlanyş sahnasynyň surata düşürilişi geçirildi.
Bu Tarantinonyň Adams bilen ilkinji hyzmatdaşlygy däl. Režissýor mundan öň 2026-njy ýylda Nýu-Ýorkda geçirilen “Traýbeka” kinofestiwalynda ilkinji gezek görkezilen "Only What We Carry" (“Diňe ýanymyzda göterip ýörenimiz”) filminde epizodlardaky keşpde görnüpdi.
