Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

  • şu gün 08:26
  • 1.1k+

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar.

Filmiň režissýory bu taslama bilen kinoda ilkinji gezek debýut etjek moda fotosuratçysy Pýer-Anž Karlotti bolar. 23 ýaşly Bekhem bilen bilelikde filme Pol Kirşer («Haýwanlar patyşalygy»), Giýom Kane («Gark bolmak ýa-da ýüzmek»), Benžamen Wuazen («Nätanyş») we Katrin Denýow hem gatnaşar.

Sýužetiň merkezinde uly tennis boýunça super-ýyldyz Saşa Gallonyň (Kirşer) taryhy durýar. Ol Pariždäki baş baýragy gazanmak üçin kakasy bilen bilelikde türgenleşýär. Romeo Bekhem bolsa baş gahrymanyň garşydaşynyň keşbini ýerine ýetirer.

Mundan ozal Romeo Bekhem gyraky hüjümçi ornunda futbol oýnaýardy, ýöne 2024-nji ýylda sport karýerasyny bes edip, modeling bilen meşgullanyp başlady. Ol Yves Saint Laurent we Balenciaga ýaly meşhur brendler bilen hyzmatdaşlyk etdi.

Dewid we Wiktoriýa Bekhemiň Romeodan başga-da iki ogly bar. Onuň uly ogly, 26 ýaşly Bruklin Bekhem ýanwar aýynda ene-atasy bilen gatnaşygyny kesendigini mälim edipdi. Olaryň körpe ogly, 21 ýaşly Krus Bekhem bolsa aýdym-saz bilen meşgullanýar.


23.06.2026 22:06
930

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......