«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

  • şu gün 10:41
  • 530

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety» neşiri habar berýär.

Multfilm mundan öňki lider bolan we deslapky seanslarda 12,6 million dollar girdeji ýygnan «Maýkl» biografik filminden öňe geçmegi başardy.

Mundan başga-da, oýnawaçlaryň täze başdangeçirmeleri bu görkeziji boýunça animasiýa taryhynda ikinji orny eýeledi we diňe 2018-nji ýylda 18,5 million dollar ýygnan «Super maşgala-2» (The Incredibles 2) multfilminden yza galdy.

Analitikleriň çaklamalaryna görä, ilkinji dynç günlerinde multfilmiň 145 milliondan 150 million dollara çenli girdeji ýygnamagyna garaşylýar. Şol bir wagtda bilermenleriň iň ýokary çaklamalary 160–175 million dollar derejesine ýetýär.

Multfilmiň resmi relizi 19-njy iýunda boldy. Täze bölümde eýýäm belli personažlar — Wudi, Bazz, Jessi we olaryň dostlary özleri üçin üýtgeşik bolan bäsdeş, ýagny döwrebap «LilyPad» planşeti bilen ýüzbe-ýüz bolýar.


19.06.2026 20:14
3.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.7k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.9k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......