Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

  • düýn 15:15
  • 11k+

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna görä, bu waka toparyň ilkinji türgenleşiginiň öňüsyrasynda Kanzas-Siti şäherinde bolup geçdi.

Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, näbelli adamlar furgondan futbolçylaryň oýun butsylaryny, ýaryşyň resmi toplaryny we türgenleşik enjamlarynyň bir bölegini ogurlapdyr. Çeşmeleriň tassyklamagyna görä, ogurlykdan soň ulagda diňe birje top galypdyr. Şeýle hem ýiten zatlaryň arasynda toparyň kapitany Harri Keýniň we ýarymgoragçy Jud Bellingemiň butsylary hem bardyr diýlip howatyr edilýär.

Howpsuzlyk gullugy bu waka enjamlary daşamak tabşyrylan sürüjileriň gatnaşygynyň bolup biljekdigi baradaky pikir ýöretmeleri gözden geçirýär. Häzirki wagtda Angliýanyň Futbol assosiasiýasy ýerli polisiýa bilen bilelikde ogurlanan zatlary yzyna gaýtarmagyň üstünde işleýär.

Kanzas polisiýasynyň wekili bolsa güman edilýän iki adamyň derňew işleri tamamlanýança tussag edilendigini habar berdi.

Tomas Tuheliň ýolbaşçylygyndaky topar ýaryşdaky ilkinji duşuşygyny 18-nji iýunda (gije sagat 01:00-da) Horwatiýanyň ýygyndysyna garşy geçirer. Şondan soň iňlisler 23-nji iýunda Gana, 28-nji iýunda bolsa Panama bilen oýnar.


şu gün 14:15
3.4k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

düýn 13:59
9.1k+

DÇ-niň 3-nji gününiň jemleri: brazilleriň şowsuzlygy, türkleriň garaşylmadyk ýeňlişi

San-Fransiskoda (ABŞ) «B» toparçasynyň çäginde Şweýsariýa bilen Kataryň ýygyndylarynyň arasynda geçirilen duşuşyk garaşylmadyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy....

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

13.06.2026 16:24
7.3k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......