Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat boldular.
«B» toparça: Turniriň ilkinji deňligi
«B» toparçanyň ilkinji duşuşygynda turniriň guramaçy ýurtlarynyň biri bolan Kanadanyň ýygyndysy Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysy bilen oýunda ýeňlişden gutulmagy başardy. Duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.
Oýunda hasaby 21-nji minutda bosniýaly Ýowo Lukiç açdy, oňa gol geçirmäge bolsa Sead Kolaşinas ýardam etdi. Kanadaly futbolçylar diňe ikinji ýarymda hasaby deňläp bildiler: 78-nji minutda ätiýaçlykdan oýna giren Kaýl Larin, Promis Dewidiň pasyndan soň jogap pökgüsini girizdi.
Iki ýygyndy hem 1 utuk gazanyp, öz toparçalarynyň turnir jedwelinde öňe saýlandylar.
«B» toparçadaky ikinji duşuşyk Kataryň we Şweýsariýanyň ýygyndylarynyň arasynda bolup, ol şu gije (Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da) geçiriler.
«D» toparça: ABŞ-nyň öz meýdançasyndaky uly hasaply ýeňşi
ABŞ-nyň ýygyndysy Paragwaýyňkylary uly hasap bilen utdy. 70 müňden gowrak janköýeriň gözüniň alnynda geçen duşuşyk 4:1 hasabynda tamamlandy.
Hasap eýýäm 7-nji minutda açyldy — paragwaýly futbolçy Damýan Bobadilya pökgüni öz derwezesine girizip, turniriň ilkinji awtogolunyň awtory boldy. Mundan soň amerikaly Folarin Balogun birinji ýarymda (30, 45+5-nji minutlarda) iki pökgi girizip (dubl edip), toparynyň artykmaçlygyny berkitdi.
Oýnuň ikinji ýarymynda paragwaýlylar aratapawudy azaltmagy başardylar — 73-nji minutda Maurisio gol urdy. Emma duşuşygyň iň soňky minutlarynda, ýagny 90+8-nji minutda Jowanni Reýna oýnuň nokadyny goýdy.
Bu ýeňşiň netijesinde ABŞ-nyň ýygyndysy öz hasabyna möhüm 3 utugy ýazdyrdy.
«D» toparçadaky indiki duşuşyk ertir, 14-nji iýunda Awstraliýanyň we Türkiýäniň ýygyndylarynyň arasynda bolar. Oýun ir sagat 9:00-da başlar.
Şeýle hem 14-nji iýunda şu duşuşyklar geçiriler:
«C» toparça
Braziliýa – Marokko, sagat 03:00;
Gaiti – Şotlandiýa, sagat 06:00.
«E» toparça
Germaniýa – Kýurasao, sagat 22:00.
(Bellik: Ähli wagtlar Aşgabat wagty bilen görkezilendir).