Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

  • 06.06.2026 10:03
  • 17k+

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly habar berýär.

​Žaýyk-Kaspi basseýn inspeksiýasynyň berýän görkezijilerine görä, şol umumy möçberiň 17 milliard kubmetrden gowragy 2024-nji ýylda, ýagny sebitde aşa uly suw joşgunlary hasaba alnan döwründe deňze guýdy. Üstümizdäki ýylyň başyndan bäri bolsa deňze akdyrylan suwuň möçberi 6,16 milliard kubmetre deň boldy.

​Ministr Gazagystanyň Atyrau oblastynyň ýaşaýjylary bilen geçiren duşuşygynda 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça sebitde ýagyş ýagdyryjy we damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny ulanmak arkaly 9,3 müň gektar ýeriň suwarylandygynyhem mälim etdi. Bu döwrebap çäre 12,8 million kubmetr suwy tygşytlamaga mümkinçilik berdi. Şu ýyl bolsa suw tygşytlaýjy tehnologiýalar goşmaça ýene-de 800 gektar meýdanda ornaşdyryldy.


26.06.2026 20:34
1.3k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

25.06.2026 14:38
6.5k+

Islandiýada iki ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan läheň awlamak başlandy

Islandiýada täjirçilik maksatly läheň awunyň wagtlaýynça bes edilmeginden iki ýyl geçirip,  ýene-de iki sany läheň awlandy. RUV teleradiokompaniýasynyň habar bermegine görä, bu aw suw jandarlaryny tutmaga......

25.06.2026 10:41
3.5k+

Zalymlyga garşy gözellik: Nature and Humans surat bäsleşiginiň netijeleri

Ýylda geçirilýän üçünji Nature and Humans Photo Competition surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Oňa dünýäniň 49 ýurdundan we sebitinden suratçylar gatnaşdylar. Şu ýylky halkara eminler toparyna meşhur......

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......