Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten gymmatlyklaryň umumy bahasy 2 022 290 095 rubla (tahmynan 26,3 million ABŞ dollaryna) deň boldy.
Ogurlyk barada 20-nji iýunda mälim boldy. Russiýanyň Banky tarapyndan çykarylan 999 probaly «Georgiý Pobedonoses» altyn teňňeleri ýitdi. Ogurlananlaryň arasynda nominal bahasy 50 rubl bolan 4515 sany, 100 rubl bolan 241 sany we 200 rubl bolan 4137 sany teňňe bar.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň çaklamalaryna görä, ogurlanan altynyň umumy agramy 160 kilogramdan geçýär.
Ýitgi ýüze çykarylandan bir gün soň, iki zenan maşgala – bank bölüminiň ýolbaşçysy we menejeri tussag edildi. Kazyýetiň çözgüdi bilen menejer öý tussaglygyna, bankyň ýolbaşçysy bolsa derňew gabawhanasyna ugradyldy.
Bilermenler bu möçberdäki gymmatly metaly daşyndan kömeksiz alyp çykmagyň örän kyn boljakdygyny belleýärler. Şeýle hem hünärmenler maýa goýum teňňeleriniň güwänamalarynyň we hasaba alyş maglumatlarynyň bardygyny, munuň bolsa olary bikanun ýollar bilen satmagy ep-esli kynlaşdyrýandygyny nygtaýarlar.
Derňew wakanyň yzygiderliligini we oňa dahylly bolmagy ahmal beýleki adamlary anyklamaga çalyşýar. Ogurlanan gymmatlyklaryň yzyna gaýtarylyp-gaýtarylmandygy häzirlikçe näbelli.