46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

  • şu gün 20:28
  • 2.2k+

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA agentligine habar berdi.

«Ronaldinýo — ýaşa seretmeýän çempion. «Rawenna» onuň bilen şertnama baglaşýar we bular ýaly klub üçin bu ajaýyp satyn alyşdyr. Ýakyn günlerde bu meşhur futbolçynyň tanyşdyrylyş çäresi bolar» – diýip, Braida aýtdy.

46 ýaşly Ronaldinýonyň meýdança çykyp-çykmajakdygy baradaky soraga Braida anyk jogap bermedi, ýöne munuň ähtimaldygyny ýaňzytdy.

«Gazzetta dello Sport» neşiriniň habar bermegine görä, Ronaldinýonyň bu kluba geçmegi barada 23-nji iýunda Maýamide resmi taýdan yglan ediler.

«Men oýna gaýdyp gelmäge we klub bilen bilelikde täze bir taryhy ýazmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Futbol menin üçin elmydama şatlyk çeşmesi boldy we men şol ruhy «Rawenna» hem getirmek isleýärin» – diýip, Ronaldinýo belledi.

Ronaldinýo futbolçy karýerasyny resmi ýagdaýda 2018-nji ýylda Braziliýanyň «Fluminense» kluby bilen şertnamasyny ýatyrandan soň tamamlapdy. Ispaniýanyň «Barselona» klubunyň düzüminde Ronaldinýo iki gezek Ispaniýanyň çempiony we Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Şeýle hem ol Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen», Italiýanyň «Milan», Braziliýanyň «Flamengo», «Atletiko Mineýro», «Gremio» ýaly klublarynda oýnady.

Ol Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2002-nji ýylyň dünýä çempionatyny, 1999-njy ýylyň Amerika kubogyny utdy, şeýle-de 2008-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň bürünç medalyny gazandy. 2005-nji ýylda ol Fransiýanyň «France Football» žurnaly tarapyndan dünýäniň iň gowy futbolçysyna berilýän «Altyn top» baýragyny aldy.


şu gün 14:48
6.1k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

düýn 17:01
7.7k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
6.9k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

18.06.2026 14:25
15k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....