700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

  • düýn 14:04
  • 7.7k+

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi.

Awtomobiliň kapotynyň aşagynda GR Yaris we GR Corolla modellerinden tanyş bolan, kuwwaty 300 at güýjüne barabar 1.6 litrlik, üç silindrli G16E-GTS turbo-hereketlendirijisi oturdyldy. Ol öňdäki oka jogap berýär.

Iň gyzykly tarapy, inženerler yzky oturgyçlaryň deregine düýbünden täze 2.0 litrlik, dört silindrli we 400 at güýjüne barabar G20E turbo-hereketlendirijisini ýerleşdirdi. Bu hereketlendiriji yzky tigirleri herekete getirýär. Netijede, umumy güýji 700 at güýjüne deň bolan we bir kuzowyň içinde iki sany dürli awtomobil ýaly seslenýän sedan emele geldi.

Bu ulagy awtosalonlarda satmak meýilleşdirilmeýär. Taslama täze G20E hereketlendirijisini synagdan geçirmek üçin ykjam barlaghana bolup hyzmat edýär. Toyota häzirki wagtda geljekki sport modelleriniň esasy özeni boljak has netijeli we kuwwatly ýangyç hereketlendirijileriniň täze hatarynyň üstünde işleýär. Bilermenleriň maglumatyna görä, hut şu 2.0 litrlik täze hereketlendiriji geljekki Celica we MR2 modellerinde peýda bolup biler. Camry modelini synag ulagy hökmünde ulanmak bolsa marafonyň ekstremal şertlerinde awtomobil bölekleriniň ygtybarlylygyny barlamagyň iň amatly usulydyr.

Iki hereketlendirijili sedan bilen bir hatarda, Toyota Racing Ýaponiýanyň «bosozoku» medeniýetinden ylham alyp taýýarlanan Camry-nyň ýene bir görnüşini görkezdi. Bu ýerde inženerler diňe bir sany 400 at güýjündäki täze G20E hereketlendirijisini galdyryp, awtomobili yzky ýörediji ulgam bilen üpjün etdi. Bu bolsa, adatça, diňe öňki ýa-da doly çekijisi bolan görnüşde çykýan model üçin düýpli ädimdir.

Ulag giňeldilen tigir arkalary bilen agressiw aerodinamiki elementlere we düýpgöter üýtgedilen interýere eýe boldy. Salonda emeli derini, bezeg çyralaryny we hrustaldan ýasalan hereket geçiriş ryçagyny görmek bolýar.


şu gün 01:38
298

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

10.06.2026 11:18
4.8k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

09.06.2026 15:11
3.3k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

08.06.2026 16:02
1.9k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......