UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

  • 03.06.2026 15:45
  • 13k+

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň öňünden dilleşilen oýunlar baradaky iş boýunça diskwalifikasiýa edilmegi bilen baglanyşyklydyr.

«Azerisport» neşiriniň berýän maglumatyna görä, gürrüň Şahin Guluzade, Misir Rustamow, Sanan Goçaýew, Emin Bagirow, Rufat Mamedow, Ilkin Sadyhow we Eltaý Tagiýew barada barýar. 2019-njy ýylda UEFA bu oýunçylaryň duşuşyklaryň netijelerine täsir etmek amallaryna gatnaşandygy barada habar berdi we Azerbaýjanyň Futbol Federasiýalarynyň Assosiasiýasy (AFFA) bu ýagdaý tassyklanylandan soň, olary futbol bilen baglanyşykly islendik işden çetleşdirdi.

«Turan-Towuz» kluby bu çözgüdiň üstünden, şol sanda Sport arbitraž kazyýetine (CAS) şikaýat etjekdigini mälim etdi.

«Biz 2025/26 möwsümini ähli sport ýörelgelerini berjaý edip, üçünji ýerde tamamladyk we Konferensiýa ligasynda oýnamaga doly hukuk gazandyk» – diýlip, klubuň resmi beýanatynda aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, klub täze möwsüme taýýarlyk işleriniň adaty tertipde dowam edýändigini, ýakyn wagtda bolsa toparyň Türkiýä okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna ugrajakdygyny nygtady.

Ýatlap geçsek, toparyň baş tälimçisi meşhur türkmen hünärmeni Gurban Berdiýewdir. Ol topara 2024-nji ýylda ýolbaşçylyk edip başlapdy.

Azerbaýjanyň KHBS-niň ýazmagyna görä, ýewrokuboklara gatnaşmak gadagançylygy doly güýjüne giren ýagdaýynda, Konferensiýa ligasynda «Turan-Towuzyň» ornuny «Zirä» topary eýeläp biler.


şu gün 14:15
5.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.3k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......