Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

  • düýn 19:55
  • 4.5k+

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. 

BBC-niň bellemegine görä, gyssagly kömek gulluklary anna güni ýerli wagt bilen sagat 17:15 töwereklerinde Bedford şäheriniň günortasyndaky demirýol şahasyna çagyryldy, bu ýerde East Midlands Railway kompaniýasyna degişli iki sany otly çaknyşdy. Otlularyň ikisi hem Londonyň «Sent-Pankras» wokzalyna tarap barýardy. Wakanyň sebäpleri häzirki wagtda derňelýär.

Ýolagçylaryň biriniň sosial torlarda paýlaşan wideosyna görä, otlularyň biri öň tarapy bilen beýleki otlynyň yzyndan urupdyr. Wakanyň bolan ýerinden düşürilen suratlarda iň azyndan bir wagonyň relsden çykandygy görünýär.

«Meniň bar pikirim, gynansak-da, wepat bolan adamyň maşgalasy we agyr şikes alanlar bilen» – diýlip, Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmeriň beýanatynda aýdylýar.

Gündogar Angliýanyň tiz kömek gullugy wakanyň bolan ýerine 20-den gowrak tiz kömek ulagynyň we alty sany tiz kömek dikuçarynyň ugradylandygyny habar berdi.

Reuters agentliginiň maglumatyna görä, bir adam wakanyň bolan ýerinde aradan çykdy, 11 adam örän agyr, 22 adam agyr, 56 adam bolsa ýeňil şikes aldy.


19.06.2026 19:36
5.1k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

17.06.2026 07:47
1.4k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

11.06.2026 07:37
5.6k+

Awiakompaniýalar ýolagçylara goşy däl-de, jany halas etmegi öwreder

Halkara howa ulaglary assosiasiýasy (IATA) Rio-de-Žaneýroda geçirilen 82-nji ýyllyk ýygnagynda «Goşuňy däl-de, janyňy halas et» (Save a Life, Not a Bag) atly täze howpsuzlyk kampaniýasyna başlady. Bu......

10.06.2026 10:55
7.6k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....