Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

  • düýn 15:47
  • 7.3k+

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi.

Birinji bölek: Astek medeniýeti, marýaçiler we Labubu

Dabaranyň ilkinji bölegi Meksika we Günorta Afrika Respublikasynyň (GAR) milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşykdan bir ýarym sagat öň başlandy. Stadionyň ýaşyl meýdançasynyň üstüne altyn reňkli nagyşlar bilen bezelen uly ýaşyl düşek ýazyldy.

Meksikaly aýdymçy we kompozitor Lila Dauns aktýorlar hem-de tansçylar bilen bilelikde çykyş etdi. Olaryň bir bölegi şamanlaryň, beýleki bir bölegi bolsa altyn reňkli kiçiräk futbol toplarynyň keşplerinde çykdy. Bu ritual meýdançanyň dabaraly merkezinde ägirt uly Dünýä kubogynyň peýda bolmagy bilen jemlendi.

Ýerli «Mana» rok-toparynyň meýdança çykmagy janköýerleriň arasynda uly şowhun döretdi. Olaryň meşhur «Oye Mi Amor» hit aýdymyny aýtmaga muşdaklaryň köpüsi hem goşuldy.

Wenesuelaly repçi Denni Ouşen dabaraly çykyşyny Amaliýa Ernandesiň adyny göterýän Meksikanyň Folklor baletiniň tansçy gyzlary bilen utgaşdyrdy. Gyzlar ýurduň milli baýdagynyň reňklerindäki lybaslarda tans etdi. Olaryň yzyndan bolsa gülgüne lybasda meksikaly aýdymçy Belinda çykdy, onuň çykyşyny milli çarro kostýumlaryny geýen marýaçi ansambly saz bilen bezedi.

Şüweleňiň meksika böleginiň ahyryny garaşylmadyk ýagdaýda Labubu gahrymanlary böldi. Olaryň kostýumyny geýen iki sany adam indiki aýdymçylar çykýança aradaky arakesmäni janlandyrdy.

Ikinji bölek: Dünýä hitleri we Şakiranyň rekordy

Dabaranyň ikinji bölegini kolumbiýaly aýdymçy Jeý Balwin açdy. Ol meýdança ýörite ýasalan awtoulagyň üstünde çykyp, özüniň «Loco Contigo» atly aýdymyny ýerine ýetirdi.

Agşamyň iň esasy wakasy bolsa kolumbiýaly aýdymçy Şakiranyň meýdança çykmagy boldy. Meşhur aýdymçy futbol taryhynda jemi dört dünýä çempionatynda (mundan ozal 2006, 2010 we 2014-nji ýyllar) aýdym aýdan ilkinji zenan artist boldy.

Mehiko şäherinde Şakira nigeriýaly sazanda Burna Boy bilen bilelikde ýaryşyň resmi däl senasy bolan «Dai Dai» aýdymyny ýerine ýetirdi. Aýdym baýramçylyk feýerwerki bilen utgaşdyryldy.

Şüweleňiň iň soňky dabaraly wakasy meksika-amerikan aktrisasy Salma Haýegiň dabaraly çykyşy bilen başlandy. Ol saýlama tapgyrlarda bäsleşip, çempionatyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan ähli milli ýygyndylary mähirli garşylady.

«Ýaşasyn futbol we Meksika!» – diýip, aktrisa sözledi.

Şundan soň, ýaryşa gatnaşýan jemi 48 milli ýygyndynyň resmi wekilleri öz baýdaklaryny meýdança çykardy we merkezi tegelegiň daşyna ýygnandy.

Italýan opera tenory Andrea Boçelli we koreý-amerikan aýdymçysy Ejae dünýä çempionatynyň resmi senasy bolan «DNA» aýdymyny ýerine ýetirdi. Şol bir wagtyň özünde, dijeý Dewid Gettanyň özi stadionda ýokdy — tomaşaçylar onuň çykyşyny diňe uly ekranlar arkaly synlady.

Açylyş dabarasy Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantinonyň Dünýä kubogyny ýörite podiumda goýmagy bilen tamamlandy. Şondan soň bolsa ýene bir kiçiräk feýerwerk atyldy.

Meksika bilen GAR-yň ýygyndylarynyň arasyndaky açylyş oýny futbol taryhyndaky iň dowamly dünýä çempionatyna badalga berdi. Bu uly ýaryş 19-njy iýula çenli dowam eder we toparlar jemi 104 sany oýun oýnar. Dünýä çempionatynyň oýunlary Meksikadan başga-da ABŞ-nyň we Kanadanyň stadionlarynda geçiriler, iň soňky final duşuşygy bolsa Nýu-Ýork şäheriniň golaýyndaky «Metlaýf» stadionynda bolar.


11.06.2026 14:24
5.2k+

Täjigistandan Ýaponiýa çenli: «World Food Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

​«World Food Photography Awards 2026» halkara bäsleşiginiň guramaçylary tagam we iýmit mowzugyna bagyşlanan iň gowy fotosuratlary mälim etdiler. Bäsleşigiň baş baýragyny Täjigistandaky sowet döwründen galan......

11.06.2026 14:06
6.9k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

08.06.2026 16:29
4k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

05.06.2026 07:28
8.4k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......