«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar.
Türkmenistandaky sport janköýerleri ýaryşyň jemi 104 duşuşygynyň ählisine göni ýaýlymda tomaşa edip biler.
Ýatlap geçsek, 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty özüniň göwrümi boýunça futbol taryhyndaky iň uly ýaryş bolar. Ilkinji gezek dünýä futbolynyň baş kubogy ugrunda ýaryşyň final tapgyrynda 48 milli ýygyndy bäsleşer.