Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

  • şu gün 14:01
  • 1.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi.

Bu taslama Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Sinszýan ekologiýa we geografiýa institutynyň arasyndaky ylalaşygyň çäginde guraldy.

Ekspedisiýanyň dowamynda toplanan ylmy materiallar Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň täze neşirini hem-de çöl ösümlikleriniň atlasyny taýýarlamak üçin ulanylar. Hytaýly hünärmenler bolsa Garagum we Takla-Makan çöllerini biri-biri bilen deňeşdirip öwrenmek üçin zerur bolan ylmy maglumatlary ýygnady.

Ekspedisiýanyň ylmy ugry Merkezi Garagumdaky «Garryköl» meýdançasyny, Bokurdak we Ýerbent sebitlerini, Derweze gaz kraterini, Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasyny hem-de «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasyny öz içine aldy. Gözlegçiler çölüň ösümlik dünýäsini, süýrenijilerini we guşlaryny öwrendi, şeýle hem geobotaniki synlary geçirip, toprak nusgalaryny aldy.

Ylmy saparyň jemleýji tapgyry Repetek goraghanasy boldy. Gatnaşyjylar goraghananyň muzeý we ylmy gaznalary bilen ýakyndan tanyşdy, şondan soň bolsa gözleg maksatnamasyny tamamlap, Aşgabada dolandy.


şu gün 14:06
1.8k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

düýn 11:13
7.7k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5.9k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:04
8.6k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....