Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

  • düýn 11:13
  • 6.5k+

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny almagy başardy. Bu barada Healthy Seas Foundation guramasy habar berdi.

Gaznanyň berýän maglumatlaryna görä, daýwerler uly ýaşly ak akulany gönüden-göni suwuň aşagynda surata düşürip bildi. Missiýanyň gatnaşyjylary bu duşuşygy Ortaýer deňzindäki ýyrtyjylaryň populýasiýasyny öwrenmek üçin örän seýrek we möhüm waka diýip atlandyrdy.

Neapolyň Zoologiýa institutynyň doktory Karlo Kattano Ortaýer deňzi sebitindäki ak akulalar baradaky maglumatlaryň köpüsini alymlaryň diňe ölen haýwanlaryň üsti bilen öwrenendiklerini belledi. Tebigy gurşawda diri we uly ýaşly akulalary synlamak bolsa häzie çenli ýeke-täk we örän seýrek duş gelýän ýagdaý bolmagynda galýar.

Bu çärä ýitirilen balykçylyk torlaryny gözlemek we olary deňizden aýyrmak işleri bilen meşgullanýan Ghost Diving halkara guramasy hem işjeň gatnaşdy. Guramanyň wekili Derk Remmers suwuň astynda ak akula bilen gabat gelmek ähtimallygynyň örän pesdigini we munuň uly lotereýa baýragyny utmak mümkinçiligi bilen deňdigini belledi.

Häzirki wagtda ýitip ýa-da zyňlyp deňizde galýan «arwah torlar» deňiz ekoulgamlary we daşky gurşaw üçin iň uly ekologik meseleleriň biri hasaplanýar. Deňizde galan bu enjamlar ýyllaryň dowamynda deňiz jandarlaryna we korall riflerine zyýan ýetirmegini dowam edýär.


09.06.2026 15:05
9.2k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

08.06.2026 12:39
6.6k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 10:16
7k+

Awstraliýada bahasy 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak ekzotik saçakçy ele salyndy

Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynda howpsuzlyk gullugynyň işgärleri umumy bahasy takmynan 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak janly ekzotik saçakçyny ele saldylar. Bu barada The Guardian gazeti habar......

07.06.2026 17:05
9k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......