Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

  • 08.06.2026 12:39
  • 7.2k+

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir.

Bu ägirt agaç Taýwanda ösýär we ol «Taiwania cryptomerioides» görnüşine degişlidir. Agajy gözlemek işleri tas on ýyla golaý dowam etdi.

Gözleg işleri 2014-nji ýylyň awgustynda, Taýwanyň Tokaý hojalygy institutynyň hünärmenleriniň rowayata öwrülen «Silanuň üç uýasy» atly baglygy gözlemäge ugran wagty başlandy. Ilkinji ekspedisiýalaryň dowamynda boýy 69,3 we 72 metre ýetýän agaçlar tapyldy, bu bolsa sebitiň üýtgeşik hem örän belent agaçlara baýdygyny tassyklady.

Gözlegleri dowam etdirmek üçün alymlar «LiDAR» howadan lazer skanirleme tehnologiýasyny ulandylar. Emma Taýwanyň çylşyrymly daglyk relyefinde dik eňňitlerdäki agaçlaryň öz hakyky boýlaryndan has belent görünýändigi üçin ölçeg işleri uly ýalňyşlyklara sezewar boldy. Gözlegçileriň çykaran netijelerine görä, ulgam tarapyndan agaçlaryň takmynan 93%-i nädogry kesgitlendi.

Netijeleri barlamak üçin taslama ýüzlerçe meýletinçiler çekildi. Olar maglumatlary elin seljerdiler we hut şeýle çemeleşme esasynda rekordçy agajy tapmak başartdy.

Agajyň belentligini resmi taýdan tassyklamak üçin alpinistler onuň depesine çykyp, ýörite lentanyň kömegi bilen göni ölçeg işlerini geçirdiler. Agajyň özi 2023-nji ýylyň ýanwarynda tapyldy, emma gözlegleriň netijeleri diňe şu wagt köpçülige aýan edildi.

Işleriň dowamynda gözlegçiler boýy 65 metrden geçýän on bir agaçdan ybarat bolan aýratyn baglygy hem tapdylar we «Taýwanyň ägirt agaçlarynyň kartasyny» düzdüler. Bu kartada boýy 65 metrden uzyn bolan 941 sany agaç jemlendi.

Alymlar Taýwanyň köpasyrlyk garry tokaýlyklarynyň uglerody siňdirmekde möhüm orun eýeleýändigini we ählumumy tebigy deňagramlylygy saklamak üçin uly ähmiýete eýedigini aýratyn belleýärler.


şu gün 00:07
3.9k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

25.06.2026 14:38
6.7k+

Islandiýada iki ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan läheň awlamak başlandy

Islandiýada täjirçilik maksatly läheň awunyň wagtlaýynça bes edilmeginden iki ýyl geçirip,  ýene-de iki sany läheň awlandy. RUV teleradiokompaniýasynyň habar bermegine görä, bu aw suw jandarlaryny tutmaga......

25.06.2026 10:41
3.6k+

Zalymlyga garşy gözellik: Nature and Humans surat bäsleşiginiň netijeleri

Ýylda geçirilýän üçünji Nature and Humans Photo Competition surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Oňa dünýäniň 49 ýurdundan we sebitinden suratçylar gatnaşdylar. Şu ýylky halkara eminler toparyna meşhur......