Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

  • şu gün 00:07
  • 770

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy brendleriniň bazardaky ornuny barha berkitdi.

Kompaniýalar ozal Aziýa bilen deňeşdirilende kondisionerleriň o diýen meşhur bolmadyk Ýewropa ýurtlarynda satuwyň çalt depginlerde artýandygyny habar berýär. Aziýanyň iri megapolislerinde sowadyş ulgamlary birwagtlar adaty bir zerurlyga öwrülen bolsa, Ýewropanyň ýaşaýyş we söwda pudagynda (aýratyn-da, taryhy binalarda) olaryň gurnalma derejesi pesligine galýardy.

Samsung Electronics kompaniýasynyň wekilleri birinji ýarymýyllygyň netijeleri boýunça Fransiýa, Italiýa we Ispaniýa ýaly esasy bazarlarda satuwyň iki belgili depginler bilen ösendigini habar berýär. Kompaniýa muny gönüden-göni tomsuň jöwzaly yssysy bilen baglanyşdyrýar.

Midea kompaniýasynda bolsa PortaSplit hataryndaky kondisionerlere bolan gyzyklanma şeýle bir güýçli boldy welin, netijede käbir ýerlerde haryt gytçylygy döredi. Ikinji el bazarynda bu modeliň bahalary hatda täze enjamlaryň resmi bahasyndan hem geçip gitdi. Midea-nyň resmi beýanatynda şeýle diýilýär:

«Maý aýynyň soňky iki hepdesindäki işjeň yssy satuwy, aýratyn-da, käbir ugurlarda doly satylyp gutaran PortaSplit kondisionerleriniň satuwyny ep-esli artdyrdy».

Içki statistiki maglumatlara görä, maý aýynda Germaniýanyň onlaýn platformalary arkaly amala aşyrylan satuwyň göwrümi geçen ýyl bilen deňeşdirilende, takmynan, 37% ýokarlandy. Şol bir wagtda Ispaniýa we Fransiýa iberilen harytlaryň göwrümi ýyllyk hasabatda birbada 108% böküş görkezdi.

Ýewropa ýurtlarynda sowadyş ulgamlaryny gurnamak prosesi uly kynçylyklar bilen utgaşýar. Köne binalarda enjamlary gurnamak tehniki taýdan kyn we gymmat proses bolup durýar, satyn alyjylar bolsa, köplenç, öz nobatyna uzak wagtlap garaşmaly bolýar. Midea kompaniýasynyň berýän maglumatyna görä, häzirki wagtda Ýewropada bir kondisioneri gurnamagyň bahasy 1000 ýewrodan geçip bilýär, bu bolsa hyzmaty köp ýerli maşgalalar üçin örän gymmat edýär.


25.06.2026 19:11
5.8k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

25.06.2026 14:59
7.6k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....