Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy.
Keramatly Ýelena adasynyň häkimiýetleri bu statusyň diňe dünýä ähmiýetli netijeleri gazanan rekord eýelerine berilýändigini belledi.
Häzirki wagtda bu süýrenijiniň çen bilen 194 ýaşy bar. Ol, takmynan, 1832-nji ýylda Seýşel adalarynda ýumurtgadan çykypdyr, Keramatly Ýelena adasyna bolsa XIX asyrda, 50 ýaşlaryndaka getirilipdir.
Jonatan (çepde) başga bir ägirt pyşbaga bilen, çen-takmyn, 1886-njy ýylda
Özüniň uzak ömrüniň dowamynda bu ägirt uly pyşbaga adamzat nesilleriniň ençemesiniň çalşandygyna şaýat bolup, adanyň esasy tumaryna we eýýamyň hakyky janly nyşanyna öwrüldi.
