Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology» žurnalynda çap edildi.
Gözlegçiler haýwanlaryň 98 görnüşine degişli bolan 2 müňden gowrak akustiki ýazgyny seljerdi. Görnüşleriň arasynda süýdemdirijiler, guşlar, amfibiýalar, süýrenijiler, balyklar we mör-möjekler bar. Maglumatlary deňeşdirmek üçün alymlar topary dürli görnüşleriň ses çykaryş ýygylygyny hasaplamagyň bir umumy usulyny işläp taýýarlady.
Geçirilen seljerme öwrenilen haýwanlaryň, takmynan, 95%-iniň sekuntda 0,45-den 4,99-a çenli signal aralygynda ses çykarýandygyny görkezdi. Iň köp ýaýran depgin bolsa, takmynan, 2,8 Gs-e deň boldy, bu bolsa sekuntda iki-üç sese barabardyr.
Awtorlar bu görkezijä beden ölçegleriniň, öýken göwrüminiň, ýaşaýyş gurşawynyň ýa-da sosial gurluş derejesiniň hiç hili diýen ýaly täsir etmändigini belledi. Gözlegçileriň pikiriçe, bu ýagdaý oňurgaly haýwanlar we belki, käbir bognaýaklylar üçin umumy bolan gadymy biologik mehanizmiň bolandygyndan habar berip biler.
Alymlar ýüze çykarylan bu ritmi eşidiş ulgamynyň işiniň aýratynlyklary bilen baglanyşdyrdy. Beýni bir wagtyň özünde signalyň umumy gurluşyny we onuň ownuk böleklerini seljerýär. Sesleriň yzygiderliligini kabul etmeklige 1–4 Gs aralygyndaky haýal neýron yrgyldylary jogap berýär, bu ritm bolsa haýwanlaryň ses çykaryş ýygylygy bilen gabat gelýär.
Has çalt geçýän neýron amallary bolsa signalyň detallaryny saýgarmaga we sesiň anyk çeşmesini tanamaga kömek edýär.
Gözlegçiler adamyň sözleýşiniň, adatça, bu aralykdan biraz tizdigini belleýär. Ýöne haýwanlaryň beýnisi bu depgini saýgarmaýar. Şeýle-de bolsa, goh-galmagally gurşawda ýa-da çagalar we gartaşan adamlar, şol sanda itler we beýleki haýwanlar bilen gürleşenlerinde, adamlar, köplenç, sözleýiş depginini özi duýmazdan sekuntda iki-üç bogna çenli haýalladýar. Itleriň (beýleki haýwanlaryň) beýnisiniň hem hut şeýle ýygylyga sazlanandygy üçin, olar şeýle haýal depginde adamlara has gowy düşünýär.
Ylmy gözlegiň ilkinji awtory Teofan Pýet şeýle umumy ritmiň görnüşleriň arasyndaky özara aragatnaşygy ýeňilleşdirip biljekdigini belleýär.