Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam gije-gündizde bir litre çenli suw üpjün edip biler.
Bu oýlap tapyşyň esasynda suw buguny öz üstünde kondensirleýän we ýygnalan çyglylygy aýrylýan gaplara gönükdirýän ýörite süýümli mata bar. Soňra suw gün şöhlesiniň täsiri astynda işleýän kiçijik kollektor arkaly arassalanýar.

Işläp düzüjileriň maglumatlaryna görä, kurtka gije-gündizde 400 ml-den 900 ml-e çenli içilýän suw öndürmäge ukyplydyr. Tehasyň dürli klimat şertlerinde geçirilen synaglaryň dowamynda nusgalaryň biri bir günüň içinde 1,3 litre çenli içilýän suw ýygnady.
Barlagçylar täze materialyň atmosferadan çyglylygy çykarmak üçin bar bolan çözgütler bilen deňeşdirilende 3–10 esse ýokary netijelilik görkezendigini belleýärler. Häzirki wagtda topar bu tehnologiýanyň esasynda beýleki syýahatçylyk we halas ediş enjamlaryny döretmek ugrunda işleýär.