Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

  • şu gün 12:26
  • 595

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64) gatnaşýar. Bu forum Germaniýanyň Bonn şäherinde 2026-njy ýylyň 8—18-nji iýuny aralygynda geçirilýär.

Türkmenistanyň wekilleri forumda klimat meseleleri boýunça ýurduň garaýyşlaryny tanyşdyrdy we Pariž ylalaşygynyň hem-de BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň çägindäki borçlaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga we arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen maksatlar aýratyn nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda Aşgabatda Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň Sebit merkezini döretmäge görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns çekildi. Türkmen wekiliýeti bu taslama boýunça sebitiň ýurtlary we BMG-niň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Mejlisiň çäklerinde Konwensiýa gatnaşýan döwletleriň, şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Taraplar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin bilelikdäki taslamalary, howa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny we sebit hyzmatdaşlygynyň berkidilmegini maslahatlaşdy.


şu gün 21:13
161

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

şu gün 15:47
4.5k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

13.06.2026 15:15
1.6k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5.5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......