Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

  • şu gün 15:15
  • 283

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Hepdeligiň çäklerinde Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda çäräniň açylyş we ýapylyş dabaralary, aýdym-sazly çykyşlar, ylmy maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary hem-de edebi agşamlar guralar.

Şeýle-de, filmleriň we sahna oýunlarynyň görkezilişi bolar, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlener we Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Leýli-Mejnun» operasynyň görkezilişi geçer.

Medeniýet hepdeligi ýurtda milli medeniýeti we mirasy ösdürmegiň, ony halkara derejede giňden wagyz etmegiň çäklerinde geçirilýär.


düýn 01:36
4.7k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.1k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.6k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 10:55
7.1k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....