Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

  • şu gün 07:41
  • 1k+

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur boldular.

Iň köp ejir çeken etraplaryň ýaşaýjylary mör-möjeklere garşy gyssagly çäreleri görmegi talap edýärler. Ýagdaýyň iň çylşyrymlysy Ýungfernhaýde sebitinde emele geldi. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, gurçuklaryň gijilewük döredýän tüýleri awtoulaglarda, öýleriň bassyrmalarynda, gapylaryň çarçuwalarynda we köçe çyralarynda hem duş gelýär.

Etrap ýygnagynyň deputaty Niko Kaufman B.Z. gazetine beren maglumatynda gartaşan adamlaryň öýden çykmaga gorkýandygyny, çagalaryň endamynda bolsa gabarçak görnüşli örgünleriň peýda bolýandygyny habar berdi.

Gurçuklaryň düzüminde taumetopoýin belogyny saklaýan mikroskopik tüýler howp döredýär. Olar ýel arkaly aňsatlyk bilen ýaýraýar we derä, gözlere ýa-da dem alyş ýollaryna düşende gijilewüge, örgüne, ýellenmä, dem alşyň kynlaşmagyna getirip bilýär. Gurçuklar öz höwürtgelerini terk edenden soňam, olaryň tüýleri öz täsirini ýitirmeýär.

Sanitariýa gulluklary bejeriş işlerini geçirmeýärler, sebäbi meşe ýüpek gurçugy däp bolan zyýankeşleriň toparyna girmeýär, şeýle-de biosidleriň ulanylmagy ösümlikleri goramak edarasynyň talaplaryna görä çäklendirilendir.

Howply ýagdaýa jogap edip, ýaşaýjylar Ýungfernhaýde we tutuş Berlin üçin gorag meýilnamasyny işläp düzmegi talap edýän köpçülikleýin ýüzlenmä başladylar


şu gün 07:40
818

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
6.7k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.4k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......