Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak we ulanmaga bermek boýunça bäsleşik yglan etdi.
Bildiriş «Türkmenistan» gazetiniň 10-njy iýundaky sanynda neşir edildi.
Göz öňünde tutulýan taslama bilen gyzyklanýan taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Resminamalar 2026-njy ýylyň 9-njy iýulyna çenli kabul ediler.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
- +993 12 44-46-77
- +993 12 44-46-64
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 84-nji jaý.