Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň ykbaly şu çaka çenli çözülmän galypdy.
Bu wakanyň üsti bilen Fransiýada galp harytlar bazarynyň göwrüminiň näderejededigini-de aýdyň görmek bolýar.
Kazyýet işleri 2025-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlandy. Fransuz importçysy etmiş üçin 1,56 million ýewro möçberinde gümrük jerimesine, «gümrük ýolundaky galplyklar» üçin 260 000 ýewro tölemäge, şeýle-de üç ýyl azatlykdan mahrum edilmäge höküm edildi. Netijede, Gawryň gümrük gullugy ammarlary boşatmaga mümkinçilik aldy.
Kanun şeýle görnüşdäki galp harytlary gaýtadan satmagy ýa-da paýlamagy berk gadagan edýär. Sebäbi olar köplenç howpsuzlyk kadalaryna laýyk gelmeýär we düzüminde zäherli maddalary saklaýar. Şonuň üçin ele salnan harytlar yzygiderli ýok edilýär.
Ýok etmek operasiýasy 3-nji iýunda ýörite merkezde geçirildi. Awto-kranlar gysgyçlar bilen aýakgaplary ýemşertdiler we soňra mynjyyradyjy enjama zyňdylar.
Ýöne iş munuň bilen hem tamamlanmaýan ýaly. UNIFER Environnement kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefan Piterson galp aýakgaplaryň soňky ykbaly hakynda mälim edip, şeýle diýdi:
– Owradylan galyndylary birnäçe ýol bilen ulanyp bolýar. Häzirki wagtda biz ýerli hyzmatdaşymyz bilen bilelikde şol aýakgaplary ýakyp, olardan energiýa almaga taýýarlanýarys.
Aýdylyşy ýaly, maýdalanan aýakgap böleklerini sement zawodlarynda ýangyç hökmünde hem ulanyp bolýar.