Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine gönükdirmegi teklip etdi.
Bu başlangyç emeli aň tehnologiýalarynyň ösmegi hem-de maglumat merkezleri we EA güýçlendirijileri üçin ýat mikroshemalaryna bolan islegiň artmagy netijesinde, ýarym geçirijiler pudagynyň girdejileriniň çalt ýokarlanmagy sebäpli orta atyldy.
Ministriň çaklamasyna görä, öňde goýlan peýda görkezijilerinden has köp gazanan kompaniýalar şol artykmaç girdejini önümçilik zynjyrynyň gatnaşyjylarynyň arasynda paýlaşmagy maslahatlaşmalydyrlar. Ýurt häkimiýetleri bu usulyň ägirt korporasiýalar bilen kiçi telekeçiligiň arasyndaky ykdysady tapawudy azaltmaga kömek etjekdigine ynanýarlar.
Bu ulgamyň gurluşyny döwlet, telekeçilik, kärdeşler arkalaşyklary we üpjün edijileriň gatnaşmagynda meýilleşdirmek teklip edilýär. Hökümet bu ýerde gürrüňiň döwletiň degişli girdejileri paýlaşmaga mejbur etjek bolmagy barada däl-de, eýsem pudagyň içindäki gazançlaryň has adalatly bölünmegi barada gidýändigini aýratyn nygtaýar.
Täze teklip ýurtda uly syýasy çekişmelere sebäp boldy. Konserwatiw oppozisiýanyň wekilleri döwletiň erkin bazar meselelerine beýle içgin gatyşmagyndan howatyrlanýandyklaryny açyk bildirýärler.