Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

  • şu gün 10:04
  • 943

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň maglumatlaryna görä, ýurtda lomaý hümmetsizlenme indeksiniň soňky üç ýyldaky iň ýokary derejä ýetendigi hasaba alyndy.

Bilermenler öndürijilik we logistika bilen bagly kynçylyklaryň ýakyn wagtda sarp edijilere täsir etjekdigini duýdurýarlar.

Sebäpleri näme?

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýaponiýada lomaý hümmetsilenme ýyllyk görkezijide 6,3 göterime çenli çaltlaşdy we aprel aýyndaky görkezijä (5,3%) garanyňda bir göterim bendi ýokarlandy.

Bahalaryň ýokarlanmagy esasan dünýädäki geosyýasy ýagdaý bilen baglanyşyklydyr. Olar çig mal we energiýa serişdeleriniň üpjünçilik zynjyrlarynyň bozulmagyna, şeýle hem nebitiň we gazyň dünýä bahalarynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy. Uglewodorodlary diýen ýaly dolulygyna daşardan getirýän Ýaponiýa üçin bu faktor iň howply bolup çykdy.

Ýaponiýanyň Bankynyň ähtimal hereketleri we stagflýasiýa howpy

Bahalaryň birden ýokarlanmagy sebäpli ýurduň Merkezi bankynyň esasy göterim derejesini düýpli ýokarlandyrmaga mejbur bolmagy mümkin. Gözegçilik ediji edara hümmetsizlenmä garşy göreşmek we ykdysadyýeti höweslendirmek üçin köp wagtdan bäri göterim derejelerini noldan aşak ýa-da nola ýakyn derejede saklap gelýärdi. Göterim derejeleriniň ýokarlanmagy karzlary gymmatladyp, sarp edijilik işjeňligini gowşadyp biler, ýöne inflýasiýany saklamaga kömek eder.

Ýaponiýanyň Bankynyň direktorlar geňeşiniň öňki agzasy Makoto Sakurai ýurduň 1990-njy ýyllarda «ýitirilen on ýyllyk» diýlip atlandyrylýan durgunlyk we gymmatçylyk (stagflýasiýa) döwrüne getiren ýalňyşlyklary gaýtalap biljekdiginden howatyrlanýandygyny aýtdy. Bilermeniň pikiriçe, stagflýasiýa häzirki wagtda gaçyp gutulyp bolmajak diýen ýaly ýagdaýdyr.

Sakurai ýapon kadalaşdyryjysynyň öz däp bolan garaýşy sebäpli, eger iýun aýynda göterim derejelerini ýokarlandyrmasa, ýagdaýa gözegçiligi ýitirmek howpunyň bardygyny nygtaýar.

–  Häzirki wagtda gijikdirmek ykdysadyýetiň başyna köp ýyllyk durgunlygy getirmegi mümkin – diýip, ol aýratyn belledi.


düýn 13:44
2.7k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

10.06.2026 17:29
10k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......