Hindistanda Messiniň ägirt uly heýkeli söküldi

  • 03.06.2026 15:11
  • 16k+

Hindistanyň Kolkota şäherinde (öňki Kalkutta) hünärmenler tarapyndan howply diýlip ykrar edilenden soň, Lionel Messiniň 21 metrlik heýkeli söküldi. Bu barada "Asian News International" agentligi "X" sosial ulgamynda habar berdi.

Aýna süýümi we demirden ýasalan altyn reňkli heýkel Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitanynyň Dünýä kubogyny galdyryp duran pursadyny görkezýärdi. Ýadygärlik dekabr aýynda argentinaly futbolçynyň Hindistana eden sapary wagtynda açylypdy.

Maý aýynyň ahyrynda Günbatar Bengaliýa ştatynyň kanun çykaryjy mejlisiniň deputaty Şaradwat Mukerji heýkeliň şemalyň täsiri astynda çaýkanýandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, inženerler gurluşyň mundan beýläk ulanylmagynyň howply bolup biljekdigi baradaky netijä geldiler, şondan soň ony sökmek barada karar kabul edildi.

Lionel Messi geljekki dünýä çempionaty üçin Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzümine girdi. Bu ýaryş onuň karýerasyndaky altynjy dünýä çempionaty bolar.

Messi – dünýä futbol taryhyndaky iň köp baýrakly futbolçydyr. 38 ýaşly argentinaly oýunçy «Inter Maýami» klubunda çykyş edýär. Ol sekiz gezek «Altyn top» baýragynyň eýesi, 2022-nji ýylyň dünýä çempiony, Çempionlar ligasynyň dört gezek ýeňijisi we Ispaniýanyň on gezek çempionydyr.


11.06.2026 23:57
4.6k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

08.06.2026 16:49
9.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

23.05.2026 13:15
11k+

Bloomberg: Messi milliarder boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messiniň baýlygy 1 milliard dollardan geçdi. «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan ýedi aý soň «Bloomberg Billionaires Index» sanawyna girdi....

15.05.2026 16:07
6.2k+

Messiniň «Inter Maýamidäki» zähmet haky $28 mln-dan geçdi: MLS-de ondan köp alýan ýok

Argentinaly hüjümçi Lionel Messi 2026-njy ýylyň möwsüminiň netijeleri boýunça MLS-iň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylarynyň sanawynda birinji orny eýeledi. Liganyň oýunçylarynyň kärdeşler arkalaşygynyň......