Messiniň «Inter Maýamidäki» zähmet haky $28 mln-dan geçdi: MLS-de ondan köp alýan ýok

  • 15.05.2026 16:07
  • 6.2k+

Argentinaly hüjümçi Lionel Messi 2026-njy ýylyň möwsüminiň netijeleri boýunça MLS-iň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylarynyň sanawynda birinji orny eýeledi. Liganyň oýunçylarynyň kärdeşler arkalaşygynyň maglumatlaryna görä, onuň «Inter Maýamidäki» ýyllyk zähmet haky 28,3 million dollara barabar.

MLS-de Messiden başga girdejisi 10 million dollardan geçýän ýeke-täk oýunçy «Los-Anjeles» toparyndan günorta koreýaly futbolçy Son Hyn Min boldy. Onuň zähmet haky ýylda 11,1 million dollar diýlip bahalandyrylýar.

«Inter Maýaminiň» umumy zähmet haky gaznasy 54,6 million dollara ýetdi — bu ligadaky iň ýokary görkezijidir. Ikinji orny 32,7 million dollar býujet bilen «Los-Anjeles» eýeleýär.

Messi 2023-nji ýylda kluba geçenden soň, «Inter Maýami» düzüme goýýan maýa goýumlaryny ep-esli artdyrdy. Argentinaly ýarymgoragçy Rodrigo De Pol ýylda, takmynan, 9,7 million dollar alýar. Herman Bertranminiň, Serhio Regilonuň, Fakundo Moranyň we Tadeo Alýendeniň zähmet haklary hem ýylda bir million dollardan geçýär.

2025-nji ýylyň möwsüminde Messi «Inter Maýamä» öz taryhynda ilkinji gezek MLS-iň çempiony bolmaga kömek etdi. Şonda ol 29 gol geçirip, 19 assist etdi. Häzirki möwsümde bolsa onuň hasabynda 12 oýunda 11 gol we 5 assist bar. Topar 25 utuk bilen Gündogar konferensiýasynda ikinji orny eýeleýär.

«L'Équipe» neşiriniň maglumatyna görä, Messiniň hemaýatkärlik we media ylalaşyklaryny hem hasaba alanyňda, hakyky girdejisi ýylda 70 million dollardan 80 million dollara çenli ýetýär.

Futbolçynyň «Inter Maýami» bilen şertnamasy 2028-nji ýyla çenli hereket edýär.


03.06.2026 15:11
13k+

Hindistanda Messiniň ägirt uly heýkeli söküldi

Hindistanyň Kolkota şäherinde (öňki Kalkutta) hünärmenler tarapyndan howply diýlip ykrar edilenden soň, Lionel Messiniň 21 metrlik heýkeli söküldi. Bu barada "Asian News International" agentligi "X" sosial......

23.05.2026 13:15
11k+

Bloomberg: Messi milliarder boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messiniň baýlygy 1 milliard dollardan geçdi. «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan ýedi aý soň «Bloomberg Billionaires Index» sanawyna girdi....

18.04.2026 00:10
10k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

17.04.2026 11:21
13k+

Kezzaplykda aýyplanýan Messiniň we AFA-nyň garşysyna kazyýet işi gozgaldy

«Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messi we Argentina futbol assosiasiýasy (AFA) kezzaplykda hem-de şertnama borçlaryny bozmakda aýyplanýar. VID promouterlik kompaniýasy bu mesele boýunça Günorta......