«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport funksionerleri, toparlaryň eýeleri, şeýle hem tanymal žurnalistler goşuldy.
Sanawyň ähli gatnaşyjylary dört sany tema kategoriýalaryna bölündi:
- Rowaýatlar (Legends): Basketbolçy Lebron Jeýms, futbolçy Lionel Messi, figuraly typyjy Ilýa Malinin, tennisçiler Ýannik Sinner we Karlos Alkaras, hokkeýçi Mari-Filip Pulen, ýeňil atletikaçy Arman Dýuplantis, konkide typyjy Jordan Ştols we beýlekiler.
- Titanlar (Titans): Futbolçylar Kriştianu Ronaldu we Erling Holand, lyžaçy Ýohannes Klebo, basketbolçylar Wiktor Wembanýama we Şeý Giljes-Aleksander, beýsbolçy Aaron Jaj, hokkeýçi Jek Hýuz, «NBC» telekanalynyň teswirçisi Maýk Tiriko we beýlekiler.
- Innowatorlar (Innovators): Figuraly typyjy Alisa Lýu, dag lyžaçysy Lindsi Wonn, marafonçy Sebastýan Sawe, basketbolçylar Jeýlen Branson we Kuper Flegg, «Lion» futbol klubunyň prezidenti Mişel Kang we beýlekiler.
- Liderler (Leaders): Tennisçi Arina Sobolenko, «Formula-1» ýaryşynyň sürüjisi Kimi Antonelli, Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino, darts oýunçysy Lýuk Littler, boksçy Aleksandr Usik, Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýolbaşçysy Dana Waýt, şazada Harri we beýlekiler.