«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

  • şu gün 19:10
  • 965

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi. Portugaliýaly hünärmeniň bu hyzmatdaşlygy bes etmäge öz razylygyny berendigi aýratyn nygtalýar.

«Sag bol, Žoze Mourinýu» – diýlip, «Benfikanyň» resmi habarynda ýazylan.

Mundan ozal köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Mourinýunyň «Real» bilen möhletini ýene bir möwsüm uzatmak mümkinçiligi bilen 2028-nji ýyla çenli niýetlenen şertnama gol çekjekdigini habar berdi. Tälimçiniň «Realda» aljak ýyllyk zähmet haky, takmynan, 7-8 million ýewro bolar.

63 ýaşly tejribeli hünärmen «Benfika» toparyna 2025-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri ýolbaşçylyk edip gelýärdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar ähli ýaryşlarda jemi 45 oýna gatnaşyp, şolaryň 27-sinde ýeňiş gazandy, 10 oýunda deňme-deň oýnady we 8 duşuşykda ýeňlişe sezewar boldy.

Geçen möwsümde «Realyň» hiç hili kubok we titul gazanyp bilmezligi, toparyň baş tälimçisi Alwaro Arbeloanyň wezipesinden boşadylmagyna sebäp boldy. Ýatlap geçsek, Arbeloa 12-nji ýanwarda Habi Alonsonyň deregine «Realyň» başyna geçipdi. Žoze Mourinýu bolsa mundan ozal 2010–2013-nji ýyllar aralygynda «Reala» ýolbaşçylyk edipdi. Portugaliýaly tälimçiniň dolandyran şol döwründe madridliler Ispaniýanyň çempiony bolmagy başardy, şeýle hem ýurduň Kubogyny we Superkubogyny gazandy.


şu gün 10:53
4.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.6k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......