Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy.
Häzirki günde onuň bu kolleksiýasynda jemi 858 sany kagyz bulgur bar.
Jozefiň bu özboluşly ýygyndysy göwrümi iň kiçijik 5 millilitrden başlap, uly 500 millilitre çenli ýetýän dürli görnüşli kagyz bulgurlary öz içine alýar. Kolleksionere dünýäniň 31 dürli döwletinden getirilen täsin nusgalary ýygnamak başardypdyr.
Sunil bu bulgurlara we öz rekordyna uly ähmiýet berýär. Onuň pikiriçe, maksadaokgunlylyk we tertip-düzgün arkaly «islendik maksada ýetmek» mümkindir.
«Meniň geçen ýolum subut edýär — eger siz öz saýlan ugruňyza wepaly bolsaňyz, ýönekeý bir güýmenjäni bütindünýä ykrarnamasyna eýe boljak uly işe öwürmegi başararsyňyz» – diýip, rekord eýesi belleýär.