Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

  • 08.06.2026 18:02
  • 5.1k+

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Umumy meýdany 14 103 inedördül futa (takmynan, 1310 inedördül metr) barabar bolan bu gurluş şäheriň jemgyýetçilik merkeziniň basketbol meýdançasynyň bütin çägini eýeledi.

Bu taslamanyň gurluşyny «West Career & Technical Academy» mekdebiniň inženerçilik ugrunyň okuwçylary oýlap tapdy. Galany gurmak üçin ýüzlerçe örtgüler, palata diregleri, ýüpler, turbalar we kanselýariýa gysgyçlary ulanyldy. Gurluşyk işlerine köp sanly meýletinçiler hem işjeň gatnaşdy.

Rekordy resmi taýdan tassyklamak üçin Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili gurlan galanyň ähli talaplara laýyk gelşini barlady. Şol sanda, örtgüleriň arasynda uly boşluklaryň bolmazlygy, olaryň ýere degip durmagy we adamlaryň içinde arkaýyn hereket edip bilmegi üçin içki beýikliginiň ýeterlik derejede bolmagy ýaly şertlere aýratyn üns berildi.

Mundan ozalky dünýä rekordy 2024-nji ýylda Günorta Karolina ştatynda goýlupdy. Şol wagt gurlan meňzeş galanyň meýdany 12 291 inedördül futa (takmynan, 1140 inedördül metr) barabar bolupdy.


düýn 00:07
4.5k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 09:29
4.2k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......